Hytaýly gazak ABŞ-nyň Halkara zenan batyrlygy sylagyna mynasyp boldy
Hytaýyň “gaýtadan terbiýleýiş” lagerinden gaçan we Gazagystana özüni atanyndan soň ol ýerde başdan geçiren dowzah azaplaryny açyp görkezen jürlewükçi ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2020-nji ýylda sylaglan Halkara zenan batyrlygy sylagyna mynasyp bolan onlarça zenanyň biri boldy.
Asly Hytaýyň Sinjiaň sebitinden bolan etniki gazak Sairagul Sauytbay “Hytaýň musulmanlara garşy ulanýan repressiw çärelerini dünýä yglan eden ilkinji pidalaryň biri bolup, bu eden-etdiliklere garşy ýörite hereketiň döremegine goşant goşdy” diýip, Döwlet departamentiniň bu sylaglary aýan eden beýanatynda aýdylýar.
Bu sylag her ýylda dünýä boýunça öz liderlik häsiýetlerini, batyrgaýlygyny, ugurtapyjlygyny we başgalar, hususan-da aýallaryň hukuklaryny ilerletmek üçin özüni pida bermäge taýýarlygyny görkezen adamlara berilýär.
Sauytbay Hytaýdan 2018-nji ýylyň aprelinde gaçdy we gazak sudunda beren görkezmesinde müňlerçe etniki gazagyň, uýguryň, beýleki musulmanlaryň Sinjiaňda “gaýtadan terbiýeleýiş” lagerlerinde saklanyp, “syýasy düzedişe” sezewar edilýändigini gürrüň berdi.
Hytaý häkimiýetleri ony şeýle lagerlerde “syýasy ideologiýa” instruktorlaryna tälim bermäge mejbur edipdirler. Bu ýagdaý oňa ýerli azlyklara degişli musulmanlary “gaýtadan terbiýelemek” boýunça işlenip düzülen döwlet programmasynyň gizlin dokumentleri bilen tanyşmak mümkinçiligini beripdir.
4-nji martda Döwlet departamentinde bu sylag 12 aýala gowşurylýar. Ol 2007-nji ýylyň martyndan bäri dünýäniň 77 ýurdundan 146 aýala berildi.