Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2020

Orsýet serhetlerini ýapýar, koronowirusdan ölenleriň sany 7-ä ýetdi

0
Orsýetde, soňky 24 sagatda täze 270 näsagyň hasaba alynmagy bilen, kesel ýokuşanlaryň umumy sany 1 müň bäş ýüzden geçdi. 


Täze koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Orsýet 30-njy martdan öz serhetlerini ýapmaga başlaýar diýip, hökümet saýtynda 28-nji martda habar berildi. 


Hökümet bu çäräniň rus diplomatlaryna we ýük awtoulaglarynyň sürüjilerine degişli bolmajakdygyny aýtdy.


Bu habar ýurduň saglyk resmileriniň  koronowirus bilen bagly ýene üç adamyň ýogalandygyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.


Saglyk resmileriniň 28-nji martda beren maglumatyna görä, Orsýetde täze koronowirus ýokuşanlaryň umumy sany 1264 adam bolup, olaryň 49 sanysy gutuldy.


Ýogalanlaryň ikisiniň Sankt-Peterburgdan we Orenburg sebitindendigi, üçünji pidanyň paýtagt Moskwada ýaşandygy habar berildi. 

 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *