ABŞ gözegçisi Owganystana hemaýatyň kemeldilmegi owgan hökümetiniň synmagyna getirip biljekdigini duýdurýar
Owganystana berilýän halkara hemaýatyň mundan beýläk hem çäklendirilmegi ýurdy 1990-njy ýyllaryň bulaşyklygyna gaýtaryp biler diýip, ABŞ hökümetiniň gözegçi topary duýdurdy. Owganystany täzeden gurmak boýunça ýörite gözegçi Jon Sopko bu barada 16-njy martda çykyş etdi.
Bu Birleşen Ştatlaryň, Russiýanyň we beýleki döwletleriň petige dirän owgan parahatçylyk gepleşiklerini ýaňadandan başlatmak ugrundaky tagallalarynyň arasyna gabat geldi. Bu aralykda, prezident Jo Baýden Owganystanda galýan ähli amerikan esgerlerini 1-nji maýa çenli çykarmak möhleti bilen ýüzbe-ýüzbe bolup dur.
“Owganystanyň hökümetiniň býujetiniň 80%-i Birleşen Ştatlaryň we (beýleki halkara) donorlaryň hasabyna maliýeleşdirilýär” diýip, Sopko Reuters gullugyna beren interwýusynda belledi.
“Eger-de, islendik sebäp bilen, donorlar berýän hemaýatyny kemeltmegini dowam etdirseler... bu biziň häzirki bilýän owgan hökümetiniň soňuny aňladyp biler” diýip, Sopko nygtady.
Ol Sowet Soýuzynyň 1979-89-njy ýyllar aralygyndaky Owganystanyň okkupasiýasyny bes edip, Kabul hökümetini goldamagyny hem togtatmagyndan soňra, bu ýurtda dörän garym-gatymlygy göz öňünde tutup, “taryh ýene-de gaýtalanýar” diýip, sözüne goşdy. Şol wagtky durnukszylyk “Talybanyň” häkimiýet başyna geçmegine mümkinçilik beripdi.
Bütindünýä Bankynyň maglumatyna görä, Owganystana berilýän ýyllyk maliýe hemaýaty 2011-nji ýylda 6,7 milliard dollara deň bolan bolsa, 2019-njy ýylda bu 4,2 milliard dollar bolupdyr.