Tihanowskaýa ABŞ-dan Lukaşenkanyň “gapjyklaryny” öz içine alýan sanksiýalary giňeltmegi soraýar
Belarus lideri Swýatlana Tihanowskaýa ABŞ-ny sanksiýalary giňeltmek arkaly belarus režimine maksimum basyş görkezip, ony oppozisiýanyň dialog çagyryşlaryna jogap bermäge mejbur etmek üçin awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenka has köp basyş etmäge çagyrdy.
Tihanowskaýa 17-nji martda Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar palatasynda eden çykyşynda goşmaça sanksiýalar kazylary, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary, howpsuzlyk ofiserlerini, oligarhlary hem-de bilim we sport resmilerini nyşana almaly diýdi.
“Siz Lukaşenkanyň režimi goldaýan şol ‘gapjyklaryna’ sanksiýa girizmeli” diýip, Tihanowskaýa wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda aýtdy.
Ol bu sanksiýalaryň nebit we gaz kärhanalaryny hem öz içine alýandygyny aýdyp Kongresi “režimiň iň möhüm haýyr-sahawatçylaryna we durnuklylyk çeşmelerine zarba urmaga” çagyrdy.
Tihanowskaýa režime garşy protestleriň şu wagta çenli heniz ýeterlik bolmandygyny aýtdy.
“Lukaşenkada häkimiýeti saklap galmak üçin heniz hem serişdeleri bar” diýip, Thanowskaýa aýtdy.
Ol belarus halkynyň gyssagly ýardama mätäçdigini “sebäbi edil häzirki pursatda adamlaryň türmelerde ejir çekýändigini aýtdy. “Bu gyssagly ýardam” diýip, ol aýtdy.