Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

ABŞ Owganystandan goşunlaryny çykarýar. Amerikan harbylary Merkezi Aziýada galyp bilerlermi?

0
ABŞ Owganystandan goşunlaryny çykarýar. Amerikan harbylary Merkezi Aziýada galyp bilerlermi?

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň käbirinde, ABŞ-nyň goşunynyň Owganystanda ýigrimi ýyla golaý wagt bolansoň, ol ýerden çykmak barada möhüm karara gelendigini aýdyp, indi olaryň Merkezi Aziýa iberiljekdigini öňe sürülýär.

Amerikanyň New York Times gazetiniň habaryna görä, ABŞ-nyň resmileri sebitdäki bazalary ulanmak mümkinçiligi barada Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň häkimiýetleri bilen habarlaşypdyr.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken 22-nji aprelde twitterde Özbegistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri bilen gürleşendigini mälim etdi, emma ABŞ-nyň ýa-da beýleki NATO goşunlary üçin, harby bazalary ulanmak mümkinçiliginiň gün tertibinde durup-durmandygy belli däl.

Waşington bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda şeýle şertnamanyň baglaşylmagy täzelik bolmaz, sebäbi ABŞ we NATO ýurtlarynyň beýleki harby güýçleri ozal bu sebitde ýerleşýärdi.

Günbataryň harby güýçleri soňky gezek 2001-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli Merkezi Aziýada bazalary ulandylar, ýöne bu ýagdaý şeýle bir imi-salalykda barmandy. Şeýle-de bolsa, ABŞ-nyň hem NATO-nyň resmi wekilleriniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gaýtadan gürleşmegi üçin, has täsirli sebäpler bar.

OL ÝERDE BOLUPDYK – BILÝÄRIS

"Al-Kaýdanyň" 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-a eden terrorçylykly hüjüminden gysga wagt soň, Waşington Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem Özbegistanyň resmileri bilen ýakyn wagtda amala aşjak, ABŞ-nyň Owganystandaky harby kampaniýasynda, Merkezi Aziýanyň roluny ara alyp maslahatlaşypdy.

Merkezi Aziýa hökümetleriniň bu göreşe ýardam bermek isleginiň birnäçe sebäbi bardy. Türkmenistandan beýleki dört ýurt hem “Talyban” söweşijileriniň Owganystanyň günorta-gündogaryna süýşmegine, mundan öz ýurtlaryna tarap ymtylýandyklaryna alada bildirýärdiler.

1998-nji ýylyň awgust aýynda “Talyban” güýçleri Amyderýa bilen bölünen Özbegistanyň serhedine golaýdaky Haýraton şäherini ele geçirdi. Bir aý soňra olar Penç derýasy bilen serhetleşýän Täjigistanyň golaýyndaky Şerhan Benderi eýeledi.

Şeýle hem, ABŞ-nyň şol wagtda Owganystanda geçirjek harby kampaniýasy giň halkara goldawyna eýe boldy. Mundan daşary-da, ABŞ 1990-njy ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa goldaw berip gelipdi.

Mundan ötri ABŞ Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň garaşsyzlygyny ykrar eden we olar bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň hatarynda boldy.

Özygtyýarlylygyny Waşingtonyň goldamagy täze döwletlere Moskwa bagly bolmazlyga ynam döretdi.

Mundan daşary-da, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmondan (2007-nji ýyla çenli ol Rahmonow ady bilen tanalýar) başga, Merkezi Aziýanyň prezidentlerine 1990-njy ýyllarda Waşingtona resmi sapar etmek mümkinçiligi berildi. (Emomali Rahmon häzire çenli ABŞ-da resmi saparda bolmady).

Bulardan daşary-da, 1992-1997-nji ýyllardaky raýat urşy döwründe ABŞ Täjigistana ynsanperwer kömeginiň iň köp hemaýatçysy boldy.

Şeýlelikde, täze emele gelen Merkezi Aziýa ýurtlarynda, ABŞ bilen gatnaşyklaryň oňyn bolmagyna hem goldawyna mümkinçilik döredi. Şol wagtyň özünde-de, täze ýurtlar ABŞ we onuň Günbatar ýaranlary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýan halatynda, Owganystandaky yslamçy söweşijileriň çynlakaý howpundan gutulmaga mümkinçilik dörär diýen netijä geldiler.

11-nji SENTÝABRA ÇENLI DÖREJEK ÝAGDAÝ

"Talyban" söweşijileri sebitden bir ädim uzaklykda peýda bolan wagtynda, Merkezi Aziýada howpsuzlyk uly meselä öwrüldi.

Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny ýöredip, dürli owgan toparlary, şol sanda "Talyban" bilen aragatnaşyk saklamagy başardy hem öz üstüne hiç bir jogapkärçilik almazdan, olaryň gazabyna duçar bolman bildi.

Şol wagtyň özünde, Täjigistan bilen Özbegistan şol bir etnik gelip çykyşdaky liderleriň: owganystanly täjik serkerdesi Ahmet Şah Masudyň we etniki özbek owgan serkerdesi Abdul Raşid Dostumyň ýolbaşçylygyndaky guramalary goldadylar.

"Talyban" hatda Kabuly eýeläninden bir ýyl çemesi soň, 1997-nji ýylyň martynda, Täjigistandan we Özbegistandan kömek alýan garşydaş owgan harby toparlaryna, şol sanda Täjigistan hökümetiniň Masudyň güýçlerine günortadaky Kulýab şäherinde harby uçar ýerleşdirmegine rugsat berendigini maslahatlaşmak üçin, BMG ýüzlendi.

Täjigistan we Özbegistan hökümetleri tarapyndan "Talybanyň" garşydaşlaryna işjeň goldaw berilmegi yslamçy topara ýa-da onuň tarapdarlaryna bu ýurtlara hüjüm etmäge mümkinçilik açdy.

Talyplar 1996-njy ýylyň sentýabrynda Kabuly ele geçirende, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan arasynda seýrek duşýan jebislik emele geldi. Olar umumy duşmana – “Talyban” hem onuň yslamçy ideologiýasyna garşy birleşdiler. “Talyban” bolsa 2001-nji ýylyň tomsuna Owganystanyň takmynan 95 göterimine gözegçilik edýärdi.

Netijede, gyrgyz, täjik hem özbek hökümetleri ABŞ bilen dostlaşdy, olara we onuň ýaranlaryna öz territoriýalaryny, şol sanda harby bazalary ulanmaga, “Talybana” hem terrorçy toparlaryna garşy kampaniýa geçirmäge mümkinçilik berdiler.

ABŞ güýçleri Özbegistanyň Hanabat şäherinde, Gyrgyzystanyň Bişkek howa menzilinde we gysga wagtyň içinde Täjigistanyň Kulýab şäherindäki howa meýdançasyndaky, Masudyň söweş uçarlarynyň bazasynda ýerleşdi.

NATO güýçleri hem Merkezi Aziýada ýerleşip başladylar. Germaniýa Özbegistanyň Termez şäheriniň golaýynda ýerleşdi, fransuz harbylary Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň ýanyndaky howa meýdançasyny ulandy. Täze hyzmatdaşlyk derrew diýen ýaly netije berdi.

"Özbegistanyň Yslam Hereketi" guramasynyň lideri Namangany 2001-nji ýylyň noýabrynda Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda, amerikan bomba hüjüminden öldürilensoň, Merkezi Aziýada "Talybana" wepaly terrorçy topar bölündi hem galan agzalary Pakistandaky tire-taýpa sebitlerine gaçdylar.

Merkezi Aziýanyň günorta serhetleri howpsuz – iň bolmanda belli döwre çenli parahat boldy. Emma Owganystandaky konflikt dowam etdi, ilki başdaky dartgynlylykdan soň "Talyban" ümsüm bolsa-da, olaryň ýene birleşýändigi we söweşiň ýakyn wagtda başlanjagy bellidi.

ABŞ goşunlarynyň we olaryň ýaranlarynyň Merkezi Aziýadaky bazalarda uzak wagtlap bolmagy, soňlugy bilen bu sebitiň hökümetleriniň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky kampaniýa gatnaşmagyny goldamak islemeýän Russiýa üçin meselä öwrüldi.

Hytaý hem günbatar serhediniň golaýynda ABŞ we NATO goşunlarynyň az sanly bolmagyna garamazdan, olardan howatyr edýärdi.

HOŞLAŞYK WAGTY

2005-nji ýylyň 24-nji martynda dörän halk tolgunyşygy Gyrgyzystanyň prezidenti Askar Akaýewi agdardy, bu Merkezi Aziýanyň awtoritar liderleri üçin gaty islenmeýän waka boldy.

Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri ýaly Akaýew hem 1991-nji ýylda, garaşsyzlykdan bäri Gyrgyzystanyň prezidenti bolupdy (Täjigistanyň prezidenti Rahmon 1992-nji ýylda häkimiýet başyna geldi).

Soňra 2005-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanyň gündogaryndaky Andijan şäherinde bir ýaragly topar parahatçylykly demonstrasiýa aralaşyp, hökümete garşy çykanda, özbek häkimiýetleri tertip-düzgüni dikeltmek hem-de Özbegistanyň nobatdaky “rewolýusiýa geçiriljek” ýurt däldigini üpjün etmek üçin, ol demonstrasiýa garşy aşa gazaply güýç ulandylar. Ýüzlerçe adamyň öldürilendigi aýdyldy.

ABŞ we Ýewropa hökümetleri demonstrantlara garşy ýaragly güýç ulanylmagyny berk ýazgardylar we garaşsyz halkara derňewini talap etdiler. Özbek hökümeti bolsa muňa jogap edip, ABŞ-dan goşunlaryny Hanabat bazasyndan çykarmagy talap etdi.

2005-nji ýylyň iýul aýynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitinde beýleki agzalar – Hytaý hem Russiýa Özbegistanyň pozisiýasyny goldadylar we Owganystandaky "terrorçylyga garşy koalisiýanyň agzalygynyň" zerurdygyny öňe sürýän gutarnykly beýanaty taýýarlamaga kömek etdiler. ŞHG agza ýurtlarda bazalardan goşun çykarmak üçin, wagt tertibi bellendi.

Amerikan goşunlary 2005-nji ýylyň ahyryna çenli Özbegistandan çykdy, emma nemes goşunlary Termezde galdy.

NATO-nyň Duşenbe howa menzilini ulanmagy tapgyrlaýyn bes edildi we soňky goşun 2014-nji ýylda şol ýerden yza çekildi.

ABŞ-nyň Bişkek howa menzilindäki bazasy gyrgyz syýasatçylarynyň hemişelik tankyt çeşmesine öwrüldi, ahyrynda Russiýanyň güýçli täsiri sebäpli 2014-nji ýylda ol hem ýapyldy.

ÝAGDAÝ ÝITILEŞÝÄR

Soňky on ýylda Owganystandaky daşary ýurt harby güýçleriniň sany azaldy hem-de howpsuzlyk jogapkärçiliginiň Kabula geçirilmegi bilen söweş hereketleri tutuş ýurda ýaýrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhetleri belli derejede asuda bolsa-da, Owganystanyň demirgazygyndaky howpsuzlyk ýagdaýy soňky ýedi-sekiz ýylda ýaramazlaşdy.

Owganystanyň demirgazygyndaky Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän sebitler “Talybanyň” bölekleýin ýa-da doly gözegçiligi astynda bolup başlady, beýleki toparlaryň söweşijileri-de ol ýerde aýlanýardy.

Bu ýagdaý Owganystana ýanaşyk ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlaryny howpsuzlyk barada alada goýup gelýär.

Demirgazykdaky owgan howpsuzlyk güýçleri Täjigistan bilen serhetleşýän Badahşan, Tahar hem Gunduz welaýatlarynda, şeýle-de, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan bilen ýanaşyk ýerleşýän Balh welaýatynda täjik hem özbek raýatlarynyň ele salnandygyny ýa-da öldürilendigini habar berýär. Türkmenistan bilen serhetleşýän Jöwüzjan, Farýap, Badgys welaýatlarynda özbek raýatlaryna garşy söweşler gidýär.

Owganystanyň demirgazygynda ýene bir aktiw hereket edýän topar bolup, Kabul ony "Jundallah" diýip atlandyrýar. Şeýle hem “Yslam döwleti” toparynyň aýratyn bir terror guramasy bolan “Yrak Yslam döwleti we Lewant – Horasan” (YDH) söweşijileri bar.

Ol toparyň söweşijileriniň sany belli däl, ýöne rus resmileri köplenç takmynan sanlary berýärler.

Täjigistanyň general-polkownigi Rajabali Rahmonali serhetýaka sebitlerinde takmynan 16700 söweşijiniň bardygyny, şolardan 6370 söweşijiniň daşary ýurt hakyna tutma harbylardygyny mälim etdi.

2019-njy ýylyň maý aýynda Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň başlygy Aleksandr Bortnikow "Owganystanyň demirgazygyndaky GDA ýurtlarynyň serhedine" 5000 çemesi terrorçy toparyň jemlenendigini aýtdy.

Soňra, 2019-njy ýylyň dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň müdirliginiň orunbasary Raşid Nurgaliýew Owganystanda üç ýarymdan on müňe çenli YDH söweşijisiniň bardygyny aýtdy.

ABŞ-a HARBY BAZALAR NÄME ÜÇIN GEREK?

Häzirki wagtda Owganystanyň Merkezi Aziýa bilen serhet ýakasyndaky ýagdaýyna seretseň, ol 1990-njy ýyllaryň ahyryndaky şertlerden üýtgeşik däl.

"Talyban" Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhet ýakasyndaky käbir sebitlere gaýdyp geldi, ýöne Täjigistan we Özbegistan hökümetleri üçin has möhümi olaryň käbir raýatlary Owganystanyň demirgazygyndaky terrorçy toparlara girdiler.

Bu gezekde Merkezi Aziýanyň hökümetleri “Talyban” bilen aragatnaşyk saklap, araçylyk arkaly parahatçylyk şertnamasyny baglaşyp bolar diýen umyda eýerýärler. Eger parahatçylyk gazanyp bolmadyk ýagdaýynda-da, Merkezi Aziýanyň içinde durnuksyzlygy döretmäge synanyşjak güýçler üçin, Owganystany synag meýdany hökmünde ulanmazlyk işlerine kömek eder diýen umydyň bolmagy mümkin.

“Talyban” tarapyndan doly goldanylmasa-da, öz bazalarynyň ABŞ-a wagtlaýyn ulanmak üçin rugsat berilmegi Owganystanyň demirgazygyndaky Merkezi Aziýanyň ekstremist toparlaryny zyýansyzlandyrmaga kömek edip biler diýen pikirler bar.

Russiýanyň Gyrgyzystanda hem Täjigistanda harby bazalary bar, hatda Hytaýyň hem Täjigistanyň uzakdaky gündogar böleginiň daglyk sebitlerinde – Täjigistan, Hytaý we Owganystan serhetleriniň kesişýän ýerinde kiçi harby bazasy bar. Iki ýurduň harbylary Täjigistan güýçleri bilen bilelikde, Owganystandan gaýdýan neşe serişdelerine garşy reýd geçirýär.

Ýöne olaryň Täjigistanyň günorta serhedindäki roly hem goldawy uly toparlara garşy goranmak häsiýetine eýe bolýar, hatda Moskwanyň, Pekiniň we beýlekileriň Täjigistana beren ähli pullaryna we ýaraglaryna garamazdan, kiçi toparlar henizem Owganystan serhedinden geçýärler.

ABŞ tarapyndan nazarda tutulýan bazalar owgan hökümet güýçleriniň “Jamaat Ansarullah”, “Yslam Jihäd Bileleşigi” ýaly toparlara hem-de Merkezi Aziýadaky durnuklylyga howp salýan DAIŞ ýaly söweşijilere garşy alyp barylýan operasiýalary harby taýdan goldamak üçin niýetlenýär.

Käbir bilermenler eger Täjigistan ABŞ-a harby baza ulanmaga ýol berse, öz territoriýasynda, şol bir wagtyň özünde rus, hytaý hem ABŞ harbylaryny kabul eden ilkinji ýurt boljakdygyny bellediler.

Ýöne Gyrgyzystanda bir wagtyň özünde ABŞ-nyň we Russiýanyň bazalarynyň bolmagy, Täjigistanda Russiýanyň we NATO-nyň bazalarynyň ýerleşendigi sebäpli bulaşyklyk ýüze çykypdy.

Özbegistanda Russiýanyň harby bazasy ýok, şeýle hem Özbegistan goňşy Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň agzasy däl.

Howpsuzlyk meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolanda, Özbegistan ikitaraplaýyn harby şertnamalara bil baglaýar, eger ABŞ-nyň goşunlarynyň ýerleşdirilmegine razylyk berse, Owganystanda hereket edýän söweşijileriň öňüni almakda goşmaça kepillik bolup biler. Şeýle hem bu çäre Daşkende Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agza bolmak meselesini yza süýşürmäge ýardam eder.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary Owganystana “Talybana” garşy göreşmäge kömek edýär, şonuň üçin öz goşunyny has uzak sebitlere göçürmän, Owganystanyň goňşularyndaky harby bazalary ulansa amatly boljak.

Elbetde, bu meselede Eýran aradan aýrylýar, Pakistanyň bazalaryny peýdalanmaga bolsa mümkinçilik örän az. Şeýlelik bilen, Merkezi Aziýa iň amatly ýer bolmagynda galýar.

Soňky 20 ýylda Owganystanyň hökümetine kömek eden goňşularyň ýa-da ýurtlaryň hiç biri-de, ABŞ we onuň ýaranlary çykandan soň, Yrakda bolşy ýaly Owganystandaky durnuksyzlygy görmek islemeýär, sebäbi çaknyşyk serhetlerden geçip biler.

Amerikan we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň Merkezi Aziýada ýerleşdirilmeginiň başga-da bir möhüm sebäbi bar.

2008-nji ýylda ABŞ bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha dartgynlaşmagy bilen, Waşington we onuň ýaranlary “Demirgazyk paýlaýyş toruny” (NDC) döretdiler we Ýewropadan Russiýa we Merkezi Aziýa arkaly Owganystandaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçlerine ölüm howpy bolmadyk ýükleri iberdiler.

Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegi we Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldamagy bilen baglanyşykly Moskwa 2015-nji ýylda Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri üçin ýükleriň öz çäginden geçmegi baradaky şertnamalary ýatyrdy.

Ýöne NDC işlemegini dowam etdirýär, harytlary Gürjüstanyň we Azerbaýjanyň üsti bilen, Hazar deňzi üstaşyr Gazagystana, soňra bolsa Özbegistana we Owganystana iberýär.

Tor diňe bir Owganystana haryt getirmek bilen çäklenmän, harby güýçleriň azaldylmagy bilen Owganystandan daşary ýurt harby enjamlaryny eksport etmegiň esasy ýoly bolup hem durýar.

NDC 11-nji sentýabra çenli daşary ýurt harbylaryny çykarmak işlerinde hem öz hereketini dowam etdirer, ondan soňra-da häzirki hökümeti goldamak üçin, Owganystana beýleki üpjünçilikleri ýetirip durar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Владимир Путин сенсационно получил ключевое признание от Н А Т О.

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Семинар библиотекарей Ленинского округа прошел в Центральной библиотеке

«Школа вожатых» прошла в школе №7 в Реутове


Более 340 тыс. кв м асфальта отремонтировали во дворах Подмосковья

Более 3 тысяч ВИЧ-позитивных пациентов получили за год комплексную социальную помощь в Свердловской области

Новые портативные ирригаторы Revyline RL 630 Green скоро поступят в представительство марки в Махачкале

Лучшие образы на лето, от которых захватит дух


Max free trial returns just in time for House of the Dragon season 2 this week

McDonald's Grimace showed Mets fans what happens when something goes right this season

America’s Space Infrastructure: So Vulnerable It Destabilizes Geopolitics

Kai Havertz’s fiancee Sophia stuns in see-through outfit on hen weekend as fans say Arsenal star is ‘so lucky’


Каршеринг BelkaCar запустил летний спецпроект «Умные путешествия»

Ученые создали микророботов для доставки лекарств в легкие

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Родители 308,9 тысячи детей в Московской области получают единое пособие

Северные ночи...


Моя Говорящая Кошка 3.2

MMORPG Tarisland выпустили в Китае раньше времени

В новом трейлере Indiana Jones and the Great Circle Индиана спускается на корабле с горы

Состоялся релиз The Case of the Golden Idol на iOS и Android


Досвідчені садівники обирають великі технічні горщики для своїх рослин і квітів


Объект культурного наследия «Фабрика-кухня» горит на севере Москвы

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!

Попурри мелодий и дух патриотизма: военный оркестр в парке «Кузьминки» отметил День России

Социальные и ESG-проекты ГПМ Радио названы лучшими в России


«Утки плыли по тротуарам»: река Яуза вышла из берегов из-за сильного ливня в столице

Владимир Путин сенсационно получил ключевое признание от Н А Т О.

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде


Германский депутат объяснил выгоду США на фоне санкций против Мосбиржи

Прижизненный ритуальный договор: где заключить?

Спасатели МЧС РФ потушили пожар у станции «Динамо» в Москве

Заседание антитеррористической комиссии состоялось в Белогорске


Дзюба заявил, что был бы теннисистом уровня Сафина

Хачанов вылетел с турнира ATP в Хертогенбосхе после первого же матча

Испанский теннисист Надаль не сыграет на Уимблдоне

Федерер рассказал о недооценке Джоковича на старте карьеры


Спасатели МЧС РФ потушили пожар у станции «Динамо» в Москве

Прижизненный ритуальный договор: где заключить?

Топ-менеджер бутик-отеля Seneshal попала в ДТП с автозаком в Москве

Финансист перечислил способы накопления денег


Музыкальные новости

Ольга Бузова споткнулась при выходе из автомобиля в Благовещенске

Концерт к юбилею Пушкина проведут в Культурном центре «Интеграция» на Саянской

Суд отказал детям Градского в аресте имущества вдовы покойного мэтра

Концерт в честь Дня России прошел в школе «Лига первых» в Химках


В Московской области сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже электроинструментов

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!

Социальные и ESG-проекты ГПМ Радио названы лучшими в России

Попурри мелодий и дух патриотизма: военный оркестр в парке «Кузьминки» отметил День России


Сергей Собянин. Главное за день

Казаков, казачек и казачат Кубанского казачьего центра «Баско» наградили за активное участие в Кадетском движении России

В Москве тушат пожар в здании у метро «Динамо»

Социальные и ESG-проекты ГПМ Радио названы лучшими в России


Быстрые и Удобные Маршрутки Могилев-Минск

Сергей Собянин. Неделя мэра

Пробки на дорогах Подмосковья оценили в 4 балла утром 13 июня

Зарядные станции для электрокаров в некоторых регионах России станут обязательными - закон


Путин приветствовал в России участников и гостей Спортивных игр стран БРИКС

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!

Путин обсудил с и. о. президента Ирана взаимодействие внутри БРИКС

Россия и Турция обсуждают варианты решения проблем с банковскими переводами




Что могло стать причиной смерти ребенка в кресле стоматолога в Красноярске

Гастроэнтеролог Садыков рассказал, как не допустить отравления бутилированной водой летом

Главный врач клиники "Мегастом", стоматолог Владимир Лосев: что будет, если слишком долго носить брекеты

Горчичное масло: секрет нежного вкуса и польза для здоровья


Зеленский: США передадут Киеву новые ЗРК Patriot и «эскадрильи истребителей»

Почему Зеленский не убедил саудовского принца, кража денег РФ, что готовят против России на саммите НАТО: обзор мировой политики 13 июня


В Москве тушат пожар в здании у метро «Динамо»

Новороссийские шахматисты приняли участие в полуфинале турнира "Шахматные звёзды 4.0"

Росгвардия приняла участие в спортивном празднике «Динамо» в Москве

Площадь пожара в здании у метро «Динамо» в Москве составляет 400 квадратов


МИД Белоруссии назвал слова Пашиняна о Лукашенко "недальновидной позицией"

Пашинян предложил Лукашенко извиниться перед армянами из-за слов про Карабах. Что на это ответили в Белоруссии?

В Минске назвали враждебные заявления Пашиняна политической истерикой

Видео: Истерика в Ереване: Пашинян против Лукашенко


Собянин поддержал команду "Единой России" на выборах в Мосгордуму

Собянин рассказал, как переразметка позволяет улучшить движение на дорогах Москвы

Собянин: выборы в Мосгордуму будут серьезным экзаменом

Собянин поддержал команду кандидатов от «Единой России» на выборы в Мосгордуму


Участникам клуба «Лето Побед» рассказали о защите экологии

Зарядные станции для электрокаров в некоторых регионах России станут обязательными - закон

В России назвали последствия санкций против Мосбиржи

РЭО назвал топ-3 регионов по количеству пунктов приема вторсырья


Финансист перечислил способы накопления денег

Спасатели МЧС РФ потушили пожар у станции «Динамо» в Москве

Германский депутат объяснил выгоду США на фоне санкций против Мосбиржи

Что делать если умер близкий человек?


Архангелогородцев и гостей города приглашают посетить мероприятия фестиваля «Гармоничная Россия»

Стало известны победили в шоу "Сокровища императора"

30 лет назад в Архангельске открылась первая на Северо-Западе школа «Диабет»

Мастер и Принцесса: в «Архангельском» вручили «Хрустальную Турандот»


Музыкально-поэтический вечер «Жизнь не кончена, песня не спета»

В Нижнегорском районе Крыма проведен рейд по бывшим мигрантам

Севастополь появился на вышитой карте Крыма

Полиция ищет пассажира, упавшего на ребенка с верхней полки


Финансист перечислил способы накопления денег

Что делать если умер близкий человек?

Заседание антитеррористической комиссии состоялось в Белогорске

Магнитная буря 14 июня 2024: ожидается ли сильный геошторм, подробности














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *