Maryda jokrama yssyda ilatyň elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşýar
Elektrigiň güýji ep-esli peselip, otaglardaky lampa çyrany zordan ýakyp bolýar. Üpjünçiligiň ýaramazlaşmagynyň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy iýunda sebitden maglumat berdi.
“Häzir etraplaryň we obalaryň köpüsinde tok gündizlerine 100 wolta, agşamara 80 wolta çenli düşýär. Bu tok hojalyklardaky lampa çyrany zordan ýakýar, galan zat, şol sanda holodilnikler, split-sowadyjylar we beýleki elektrik enjamlar işläp bilmeýär” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Sebitden gelip gowşan suratlaryň birinde elektrik energiýasynyň güýjüni görkezýän guralda onuň 220 wolta derek 157 wolta barabardygyny görse bolýar.
Ýolöten, Türkmengala we Baýramaly etraplarynyň ýaşaýjylary munuň özleri kyn güne salýandygyny, howanyň gyzgynlygynyň barha artýan şu günlerinde azyk önümleriniň zaýalanýandygyny belleýärler.
Zaýalanýan azyklar“Adamlar gara zähmet çekip, satyn alan azyklaryny zyňmaly bolýarlar. Sebäbi toguň häzirki güýjüne sowadyjy holodilnikler we kondisionerler işläp bilmeýär” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Howa maglumatlaryny çap edýän “AccuWeather” neşirine görä, 19-njy iýunda Maryda howanyň temperaturasy 37 gradusa ýetýär. Bu görkezijiniň 20-nji iýunda 38 gradusa, 21-nji iýunda 39 gradusa we 22-nji iýunda 41 gradusa ýetmegine garaşylýar.
Ýerli elektrik edaralarynyň resmileri ýaşaýjylaryň bökdençlik barada edýän şikaýatlaryna “döwlet tarapyndan goýberilýän elektrigiň güýji şunuň bilen çäkli” diýip jogap berýärler.
“Elektrik edaralarynyň käbir resmileri bolsa, transformatorlaryň we elektrik geçiriji simleriň aşa könedigini aýdýarlar. Şeýle-de olar, mysal üçin, häkimiýetleriň 500 hojalyga niýetlenip gurnalan transformatora 1500 hojalygyň elektrigini çatýandygyny aýdýarlar. Olar munuň toguň güýjüniň peselmegine we wagtal-wagtal transformatorlaryň gyzyp, hatardan çykmagyna getirýändigini hem belleýärler” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.
Özbaşdak çykalgaHäzirki wagtda köp ýaşaýjy we telekeçi elektrik üpjünçiligindäki bökdençlige özbaşdak çykalga tapmaga synanyşýar. Olar öýlerine, dükanlaryna we toý mekanlaryna toguň güýjüni artdyrýan enjamlary oturdýarlar, emma bu hem düýpli çykalga bolmaýar.
“Tok köpeldiji ilkibada gowy işleýär, sähel wagtdan öý hojalygynda ulanylýan enjamlary götermän gyzýar we hatardan çykýar. Käte tok güýçlense, onda ýasama tok köpeldiji transformatorlar ýarylyp, hojalyklarda ýangyn döreýän halatlary hem bolýar” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy 19-njy iýunda bu ýagdaýlar barada “Maryenergo” önümçilik birleşigine jaň edip, teswir almaga synanyşdy. Ýöne birleşigiň Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.
Web sahypada birleşigiň Marynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryna gözegçilik etmek işlerini ýerine ýetirýändigi bellenilýär.
Täze taslamalarŞeýle-de, onuň hasabynda 8702 km elektrik geçiriji howa ulgamlarynyň, 284,8 km kabel elektrik geçiriji ulgamlarynyň we 3637 sany transformator beketleriniň durýandygy hem nygtalýar.
Muňa garamazdan, ýangyç we energiýa serişdelerine baý sebitiň ilaty elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy we kesilmegi bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaýlar gyşyň aýazly we tomsuň jokrama yssy günlerinde has-da ýygjamlaşýar we tutuş ýurtda ýygy-ýygydan gaýtalanýar.
Öz ýurdunyň ilatyny elektrik togy bilen kadaly üpjün etmekde kynçylyk çekýän Türkmenistan Özbegistana, Eýrana, Owganystana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär.
Mundan başga-da, türkmen häkimiýetleri goňşy döwletleriň ýolbaşçylary bilen täze elektrik geçirijileri gurmak taslamalaryny hem ara alyp maslahatlaşýarlar.
19-20-nji maýda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisinde Mary – Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny amala aşyrmak, türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk-de Eýrana ibermek meseleleri maslahatlaşyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.