Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Türkmen-Britan söwda dolanyşygy £102 milliona ýetdi

0

Türkmenistan bilen Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, geçen ýylyň iýulyndan şu ýylyň iýunyna çenli aralykda 102 million funt sterlinge barabar boldy diýip, “Biznes Türkmenistan” Britaniýanyň işewürlik we söwda departamentine salgylanyphabar berýär.

Bu görkeziji, öňki hasabat döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň 32,5% ösendigini, ýa-da 25 million funt sterlingden gowrak harydyň satylandygyny ýa-da alnandygyny aňladýar.

Bu öwürde Britaniýanyň Türkmenistana eksporty 86 million funt sterlinge deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 59,3% ösüş gazanyldy.

Britaniýanyň Türkmenistandan importy hem 30,4% artyp, 16 million funt sterlinge barabar boldy.

Türkmenistanyň Britaniýadan import eden esasy harytlarynyň arasynda umumy senagat tehnikasy we ylmy gurallar bolan bolsa, Türkmenistanyň Britaniýa eksport eden esasy harytlarynyň arasyna organiki däl himiki maddalar, mehaniki kuwwat generatorlary we metal magdanlary bar diýip, habarda aýdylýar.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *