Täjik banklarynyň birnäçesi Orsýete pul geçirilmegine çäklendirme girizdi
Täjik banklarynyň birnäçesi noýabr aýynyň başyndan bäri Orsýete pul geçirilmegini çäklendirip başlady diýip, Ozodi radiosy habar berýär.
Munuň sebäbi Täjigistanyň üç sany täjirçilik bankynyň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Orsýete garşy girizilen sanksiýalara sezewar bolmagy bilen düşündirilýär.
Ýewropa Bileleşiginiň girizen sanksiýalarynyň 19-njy bukjasy Duşenbede ýerleşýän “Spitamen Bankyna”, “Duşenbe Siti Bankyna” we “Kommerzbanka” täsir etdi. Şondan soň beýleki täjik banklary hem Orsýet bilen baglanyşykly maliýe amallaryna has seresap çemeleşmäge başlady.
Mysal üçin, Maýa goýum we karz banky (IKB) Orsýetiň banklaryna pul geçirmegiň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. Çäklendirmeler resmi taýdan "tehniki sebäpler" bilen düşündirilýän hem bolsa, bank wekilleri olaryň ÝB sanksiýalary bilen baglanyşyklydygyny boýun aldylar.
Täjigistanyň Milli Banky we Daşary işler ministrligi ýagdaýy gözegçilikde saklaýandyklaryny we sanksiýalaryň ýaramaz täsirini azaltmak üçin halkara hyzmatdaşlary bilen maslahatlaşýandyklaryny aýtdylar.
Şeýle-de, ÝB-niň “gara sanawyna” WTB Bankynyň Gazagystandaky şahamçasy, Gyrgyzystandaky “Tolubaý” banky we “Ýewraziýa tygşytlaýyş banky” girýär.
