Ýangyn söndürijileriň 'taýýarlygy' ýaşaýjylary ilki haýran galdyrdy, soň gynandyrdy
Aşgabatda, demirýol menziliniň gabadynda, il arasynda Hitrowka atlandyrylýan ýasaýyş toplumynyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde ýerleşýän üç gatly ýaşaýyş jaýynda 9-njy noýabr güni bolan ýangyn ýurduň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň nähili agyr hala düşürilendigini görkezdi diýip, Azatlygyň habarçysy şaýatlara salgylanyp habar berýär.
Sowet döwründe gurlan we demirýol pudagynda işleýän işgärlere berlen wagtyndan bäri ‘Demirýolçularyň jaýy’ diýip bilinýän jaýda turan ýangyn sebäpli Döwlet ýangyn howpsuzlyk gullugyna jaň eden ýaşaýjylar ýörite toparyň gelmegine ýarym sagatdan gowrak garaşmaly boldular.
Ýangyn söndürijileriň 'gözgyny' ýagdaýyÝöne, ýangyn söndürijiler topary bu ýere düýpden taýýarlyksyz, ozaly suwsuz geldi. Soň, ýene biraz garaşylandan soňra, suwly maşyn ýetip geldi. Ýöne, güýçli basyşda ýangyn ojagyna gönükdirilen suwuň zoruna tap getirmedik şlanga böwsülip, ýene wagt ýitirildi. Ýangyn söndürijiler şlanganyň böwsülen ýerini kesip aýryp, ony sepläp, täzeden işe girizdiler. Emma onuň seplenen ýeri hem suw syzdyryp, ýangyn söndürijileri gülkünç, nalajedeýin bir hala saldy diýip, çeme gürrüň berdi.
Ýaşaýjylar ýangyn söndürijileriň ýangyn ýerine taýýarlyksyz, näsaz enjamlar bilen gelendiklerini, ‘beýdip ýangyn söndürip bolmajakdygyny’ aýdyp, gaharlanyp başladylar. Ýangyn söndüriji toparyň işgärleri bu ýerde özlerini günäkär hasaplamaýandyklaryny aýtdylar.
"Biz nädeli? Bu şlangalary indi on ýyldan gowrak wagt bäri ulanyp ýörüs. Döwlet olary ýangyn howpsuzlygy düzgünlerine laýyklykda öz wagtynda täzeläp, çaşyryp bermeýär. Döwlet tarapyndan üpjünçilik bolmasa, biz gerek zatlary öz aýlygymyzdan alalymy?” diýip, ýangyn söndürijileriň biri janygyp, ýagdaýy düşündirjek boldy.
Ýangyn bolan jaýda köp kwartira düýpli bejerişe mätäç, jaýyň üçegi dolulygyna täzelenmeli diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmeniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda diňe ýangyn söndürijiler şeýle agyr şertlerde işlemeýär.
Pudaklaryň üpjünçiligi ýyldan-ýyla 'kynlaşýar'“Ýurtda tas ähli pudagyň maddy, enjam üpjünçiligi örän pes, kyn ýagdaýa düşdi. Öz hususy bähbitleriniň bolmadyk ugurlaryna, halkyň ýaşaýyş, durmuş şertleri, abadançylygy bilen bagly ýerlere döwlet býujetinden pul goýbermeli bolsa, hökümet wekilleri ýumrugyny berk gysyp saklap, barmaklarynyň arasyndan syzanjalary bilen mesele çözjek bolýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlyk gullugy hem köp ýyl bäri ‘idili üpjünçilik görmän’ gelýär.
Döwlet ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň biri Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşip, gerek enjamlary öz pullaryna hem alyp bilmeýändiklerini, sebäbi alýan aýlyklarynyň maşgala eklenjine hem ýetmeýändigini gürrüň berdi.
“Tölenýän zähmet hakynyň hojalyk dolandyrmaga ýetmezligi sebäpli, kärdeşlerimiz goşmaça gazanç gözläp, gurluşyklarda günlükçi bolup işleýärler. Aýlyklaryň hojalyk dolandyrmaga ýetmezligi işgärleri jenaýatçylykly işlere baş goşmaga hem itekleýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ozallar bu gullugyň işgärleriniň ýanynda hemişe işleýän ýerini, Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlyk gullugyna degişlidigini tassyklaýan, ady, wezipesi ýazylan şahadatnamasy bolardy.
“Bu gullugyň işgärleriniň käbiriniň özbaşdak ýagdaýda hususy dükanlara baryp, dükanyň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine gabat gelmeýär diýip, dükan eýelerini gorkuzmagy, para almagy köpelenden soň, ýolbaşçylar bäş ýyldan gowrak öň olaryň işden soň ýanlary bilen şahadatnama götermegini gadagan etdiler” diýip, çeşme aýtdy.
Hasabatlarda hemme zat 'gowy'Türkmen metbugaty ýaşaýyş jaýlarynda döreýän ýangynlar barada habar bermeýär. Döwlet baştutanynyň geçirýän ýygnaklarynda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, beýleki pudak ýolbaşçylaryna tabşyrylyşy ýaly, içeri işler ministrine hem ýangyn howpsuzlygy barada tabşyryk berilýär.
Mysal üçin, TDH içeri işler ministri Hydyrowyň 1-nji noýabrda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şol sanda Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçiren işleri barada prezidente hasabat berendigini iki jümlede, anyklaşdyrman habar berdi.
Şeýle-de, döwlet baştutanynyň hasabaty diňläp, ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berendigi aýdyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde berilýän hasabatlarda ýyldan ýyla şol bir umumy sözleriň gaýtalanmagy, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýyl-ýyldan agralmagyna getirýän ýagdaýlaryň düýpden agzalmazlygy, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, döwlet baştutanynyň halk durmuşy bilen içgin gyzyklanmak islemeýändigini ýa-da bu işe taýýar däldigini yşarat edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
