Türkiýäniň harby uçary Gürjüstan-Azerbaýjan serhedinde heläkçilige uçrady
Türkiýäniň Goranmak ministrligi 11-nji noýabrda öz harby-ulag uçarynyň Gürjüstan-Azerbaýjan serhedinde heläkçilige uçrandygyny habar berdi. Genjeden Türkiýä barýan uçarda 20 adam bardy.
C-130 uçary serhediň Gürjüstan tarapynda ýykyldy. Türk häkimiýetleri häzir gözleg-halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini aýtdylar
Wepat bolanlar barada resmi habar berilmedi. Emma muňa garamazdan, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan heläkçilige uçran uçaryň "şehitleriniň" hormatyna jemgyýetçilik öňündäki çykyşynyň arasyny böldi. "Anadolu" agentliginiň habaryna görä, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew öz gynanjyny bildirdi.
Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi Türkiýä barýan uçaryň heläkçilige uçrandygyny tassyklap, uçaryň ýurduň Azerbaýjan bilen "döwlet serhedinden takmynan bäş kilometr uzaklykda" heläkçilige uçrandygyny aýtdy.
Içeri işler ministri heläkçiligiň bolan ýerine bardy.
