AÖB Aşgabatda lukmançylyk mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirer
Aziýa ösüş banky (AÖB) 11-nji noýabrda Türkmenistan bilen Aşgabatda orta lukmançylyk mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek baradaky ylalaşyga, şeýle-de, Saglyk ministrligi bilen AÖB-niň arasynda tehniki goldaw hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşyga gol çekdi.
Bu ylalaşyklar Aziýa ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň Türkmenistana eden sapary mahalynda baglaşyldy diýip, TDH Kandanyň prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edilendigini habar berdi.
Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar ýurduň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär diýip, habarda bellenýär.
