Hazaryň türkmen kenarynda düwlenleriň ýüzlerçe maslygy tapylýar - çeşmeler
Hazar deňziniň suwy bilen kenarlara getirilip, taşlanan öli düwlenler soňky hepdelerde Tükmenbaşy we Hazar ýaly uly şäherleriň deňiz ýakalarynda we kiçiräk ilatly ýerlerde tapylýar. Bu ýagdaý barada Azatlygyň Balkan welaýatyndaky çeşmeleri habar berýär.
Hazar (Çeleken), Türkmenbaşy, Gyzylsuw we beýleki kenarýaka aýlawly ýerlerde, Garabogazda we gazak serhetine ýakyn kenarlarda şu günler ýüzlerçe uly düwleniň we düwlen çagalarynyň jesetleri kenarlara akyp gelýär diýip, ýerli çeşmeler 18-nji noýabrda habar berdi.
Öli düwlenleriň ençemesi noýabryň başynda goňşy Gazagystanda hem tapylypdy. Bu ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň Balykçylyk komitetiniň maglumatyna görä, Gazagystanyň Tupkaragan etrabynyň kenarynda azyndan 112 düwleniň jesedi tapylypdyr.
Türkmen kenarynyň ilatly ýerlerinde şu günler tapylýan düwlen maslyklaryny gören ýaşaýjylaryň aladasy artýar.
Ýaşaýjylar häkimiýetlere ýüz tutanlarynda özleriniň deňlenmeýändigini we öli düwlenleri ýygnamak we suwuň düzümini barlamak ýaly çäreleriň göze ilmeýändigini aýdýarlar.
"Bu ýyl öli düwlenleriň köpdügi balkan halkyny alada goýýar. Hökümetiň daşky gurşaw deňiz instituty we ýerli häkimlik deňiz düwlenlerini halas etmek ýa-da olary bejermek üçin analizleri almak işlerine howlukmaýar" diýip, ýerli balykçy gürrüň berýär.
Goňşy Gazagystanyň daşky gurşawy goraýjylaryň deňiz kenaryndaky jesetler barada ýerli ýaşaýjylardan köp sanly habar bolansoň kenarýaka obalaryndan suw nusgalaryny alandygy habar berlipdi. Haýwanlaryň ölüminiň sebäbi henizem belli däl, ýöne gazak hünärmenleri nusgalary ýygnap, derňew geçirýärler.
Türkmenistanda düwlenleriň ölümine degişli ýagdaý boýunça alnyp barylýan resmi çäreler belli däl. Döwlet habar serişdelerinde bu barada maglumat ýok. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaý barada Daşky gurşawy goramak ministrliginden we Balkan welaýatynyň häkimliginden teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi.
Emma balkanly çeşmeleriň Azatlyga beren maglumatlaryna görä, häkimiýetler düwlenleriň köpçülikleýin ölüminden habarly bolup, hususan-da, maslyklary ýygnamak işine ýerli ýaşaýjylary çekýärler.
"Indi balykçylyk bilen meşgul bolýan raýatlardan hususy katerlerinde her gün 15 sany düwlen jesetlerini tapyp, deňiz daşynda gury ýerde ýakmak talap edilýär. 'Ýöne düwlenleriň ýagyny alaýmaň, howply hassalyk bolmagy mümkin' diýip duýdurýarlar. Gaýyklarymyza benzin berjekdiklerini wada berdiler, ýöne heniz benzin görmedik, öz hasabymyza düwlenleriň jesetlerini deňizden çykarýarys, görüp gynanýarys" diýip, anonimlik şertinde gepleşen çeşme aýtdy we düwlen maslyklaryny tapyp, "ýakyp goýbermegi" ýerli häkimlikleriň tabşyrýandygyny belledi.
Balkanyň häkimiýet edaralaryna ýakyn çeşme diňe kenarda däl, eýse suwdaky düwlen maslyklaryny ýygnamak üçin işleriň geçirilýändigini, emma munuň üçin balykçylaryň ulanýan kiçi katerleriniň gerek bolýandygyny aýtdy.
"Harby deňiz flotundaky orta ululykdaky gämiler Hazaryň suwunyň azalandygy zerarly islän ýerden ýüzüp bilmeýärler. Balykçylaryň kömegi gerek bolýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Balkan welaýatynda ýerleşýän harby-deňiz flotunyň ofiseri hem suw derejesiniň peselendigi sebäpli hatda kiçiräk gämileriň-de diňe belli bir ýerlerde hereket edip bilýändigini aýtdy.
"Suw çekildi. Harby flotdaky iň kiçi katerleriň hem diňe kesgitlenen deňiz ýolundan ýüzmäge mümkinçiligi bar. Aşagy ýere degse batýar we deňizden çykarmak görgi bolýar. Şol sebäpli düwlen maslyklaryny arassalamak işine harby deňizçiler çekilmediler" diýip, harby deňizçi aýtdy.
Bilermenler Hazar ýakasynyň ekologiýasynyň gitdigiçe ýaramazlaşýandygyna ünsi çekip gelýärler. Türkmen ekologlary we ýaşaýjylar deňiz suwunyň kenarlardan onlarça metr çekilendigini aýdýarlar.
Düwlenleriň köpçülikleýin ölmegi bilen bagly ýagdaý soňky birnäçe ýyl bäri Hazar ýaka döwletleriniň ählisinde gaýtalanyp durýar.
Geçen ýyl, oktýabr aýyndan başlap, deňiz ýaka sebitlerde ýüzlerçe öli düwlen tapyldy. Türkmenistanyň deňiz kenarlarynda öli tapylýan düwlenleriň sany 200-den geçdi. Kenar ýakasynda öli guşlar we balyklar hem tapyldy. Bu barada Azatlygyň balkanly çeşmeleri 2024-nji ýylyň noýabrynda habar beripdi.
Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi 2024-nji ýylda düwlenleriň ölümine ýokary patogenli guş dümewiniň wirusy, immun ýetmezçiligi bilen baglanyşykly neýrowirus infeksiýasy we deňiz düýbünden tebigy gazyň dökülmegi ýaly sebäpleriň getiren bolmagynyň mümkindigini aýdypdy.
Gazagystanyň Gidrobiologiýa we ekologiýa institutynyň hünärmenleri şu ýyl öli tapylan düwlenleriň bir aýdan gowrak wagt mundan ozal ölendigini aýtdylar.
Alymlar soňky bir asyryň dowamynda hazar düwlenleriniň sanynyň 90% azalandygyny aýdýarlar. 2008-nji ýylda Tebigaty goramak boýunça halkara birleşigi Hazar düwlenini howp astyndaky haýwanlaryň sanawyna girizdi. 2020-nji ýylda bu jandar Russiýanyň we Gazagystanyň Gyzyl kitaplaryna girizildi.
Hazarýaka döwletleriniň arasynda Türkmenistan meseläni resmi derejede açyk agzaman gelýän ýeke-täk ýurt.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
