Hytaýyň daşary işler ministri Gyrgyzystana, Özbegistana we Täjigistana sapar eder
Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi 19-22-nji noýabr aralygynda Merkezi Aziýa sapar eder diýip, "Sinhua" agentligi Hytaýyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berdi. Dört günüň dowamynda ol Gyrgyzystana, Özbegistana we Täjigistana sapar eder.
Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Wang Ýi üç ýurduň daşary işler ministrleri — Jeenbek Kulubaýew, Bahtiýor Saidow we Sirojiddin Muhriddin bilen aýratyn strategiki gepleşikleri geçirer. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebitleýin howpsuzlyk we Hytaýyň başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine üns berler.
Sapar sebitdäki ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň çakylygy boýunça geçiriler. Wang Ýi şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasydyr.
