Türkmen prezidenti Gazagystanyň iň ýokay sylagy bilen sylaglandy
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň sapara gelen prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Altyn Kyran” ordeni (Gazagystanyň iň ýokary sylagy bolan “Altyn Bürgüt”) bilen gylaglady.
Türkmen metbugatynyň habaryna görä, Tokaýew oňa “Siziň ýurduňyzda senagat we ulag infrastrukturasyny işjeň döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar” diýdi.
Gazak prezidentiniň sözlerine görä, Türkmenistanda “energiýa kuwwatyny we tehnologik özgerişini güýçlendirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar”.
Şeýle-de, gazak lideri Türkmenistanda giň gerimli sosial taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, ylym we bilim ulgamlarynyň yzygiderli ösýändigini, raýatlaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny öňe sürüpdir.
“Bu üstünlikleriň hemmesi tüýs ýürekden hormata we iň ýokary baha mynasyp” diýip, “Orient” neşiri prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň sözlerini sitirleýär.
