Ermenistan KHŞG-niň Bişkekde geçiriljek sammitine gatnaşmakdan ýüz öwürdi
Ermenistan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň, KHŞG-niň 27-nji noýabrda Bişkekde geçiriljek sammitine gatnaşmaz diýip, Russiýanyň TASS döwlet habar agentligi Wladimir Putiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berdi.
Şol bir wagtda, resmi Ýerewanyň ozal ylalaşylan resminamalardan ýüz öwürmeýändigini aýdyňlaşdyrdy we Putiniň saparyndan soň geçiriljek metbugat ýygnagyny yglan etdi.
Putinden başga, sammite Belarusyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň prezidentleri, şeýle-de Kollektiw howpsuzlyk geňeşiniň häzirki başlygy Sadyr Žaparow gatnaşar.
Ermenistan 2023-nji ýylyň ýanwarynda öz territoriýasynda KHŞG-niň türgenleşiklerini geçirmekden ýüz öwürdi we olary "ýerliksiz" hasaplaýandygyny aýtdy. Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 2024-nji ýylyň fewralynda öz ýurdunyň KHŞG-ä gatnaşygyny "doňdurandygyny" yglan etdi.
Paşinýanyň sözlerine görä, munuň sebäbi guramanyň Ermenistan babatyndaky howpsuzlyk borçlaryny, hususnan-da 2021-nji we 2022-nji ýyllarda, ýerine ýetirmezligi bilen bagly boldy.
