Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2025
1 2 3 4 5
6
7
8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25
26
27
28
29
30
31

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 11 aýda 1 milliard dollardan geçdi - media

0

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard 64,4 million amerikan dollaryna deň boldy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Özbegistanyň Milli statistika komitetine salgylanyp habar berýär.

Bu görkeziji, neşiriň bellemgine görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 33 million amerikan dollary möçberinde köpelendigini görkezýär.

Şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň özbek bazaryna eksporty 926,2 million amerikan dollaryna barabar bolup, Türkmenistan Özbegistanyň import edýän ýurtlarynyň arasynda 8-nji ýeri eýeledi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň goňşy ýurtdan import eden hyzmatlarynyň we harytlarynyň bahasy bolsa 138,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,8 million amerikan dollary möçberinde köp import edilendigini aňladýar.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *