Putin ýyl dowamynda harby gulluga çagyrmak baradaky karara gol çekdi
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabryna çenli aralykdaky meýilnama esasynda, 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli bolan 261 müň adamy, Russiýanyň ýaragly güýçlerinde gulluk etmekleri üçin harby gulluga çagyrmak baradaky karara gol çekdi.
Çagyryş çäreleri bütin ýyl boýunça dowam eder we çagyrylanlar harby gulluk ýerlerine ýylda iki gezek, öňküsi ýaly: 1-nji aprelden 15-nji iýula çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli iberiler.
Şu ýyl Russiýanyň Ýaragly Güýçlerine bolan güýzki çagyryşyň Orsýetde 2016-njy ýyldan bäri iň uly çagyryş bolup, jemi 135 müň adamyň harby gulluga çagyrylandygy aýdylýar.
Döwlet dumasy raýatlary harby gulluga çagyrmagyň tertibini üýtgedýän kanuny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda kabul etdi. Indi çagyryş komissiýalary bütin ýylyň dowamynda işläp, lukmançylyk barlaglaryny geçirer, psihologik saýlap-seçiş işlerini amala aşyrar.
