Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

ABŞ öz raýatlaryny Eýrany gyssagly terk etmäge çagyrdy

0

ABŞ öz raýatlaryny Eýrany derhal terk etmäge çagyrdy. Bu habar 13-nji ýanwarda, Birleşen Ştatlaryň Tährandaky wirtual ilçihanasynyň web sahypasynda peýda boldy.

"Eýrandan derhal çykyň. ABŞ hökümetiniň kömegine bil baglamazdan, Eýrandan çykmak üçin meýilnama işläp düzüň. Eger-de çykyp bilmeseňiz, öýüňizde ýa-da başga bir binada howpsuz ýer tapyň. Azyk, suw, derman we beýleki zerur zatlaryň ätiýaçlylygyny üpjün ediň" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Beýanatda bellenmegine görä, ABŞ-nyň raýatlaryna internet kesilmesiniň dowam etmegine garaşmak, alternatiw aragatnaşyk üçin meýilnama düzmek we, eger-de bu howpsuz bolsa, Eýrandan Ermenistana ýa-da Türkiýä gitmek mümkinçiliklerine seretmek maslahat berilýär.

ABŞ hökümetiniň Eýran bilen diplomatik ýa-da konsullyk gatnaşyklary ýok. ABŞ-nyň Eýrandaky bähbitlerine Şweýsariýa hökümeti özüniň Tährandaky ilçihanasy arkaly wekilçilik edýär.

“Meduza” şuňa meňzeş habaryň 2025-nji ýylyň 15-nji iýunynda hem ABŞ-nyň wirtual ilçihanasynyň web sahypasynda çap edilendigini, Waşingtonyň 22-nji iýun gijesinde Eýranyň Fordow, Natanz we Isfahandaky ýadro desgalaryna zarba urandygyny belledi.

Mundan öň Şwesiýanyň Daşary işler ministrligi öz raýatlaryny Eýrana syýahat etmezlige, ol ýerdäki raýatlaryny bolsa bu ýurtdan çykmaga çagyrdy.

AFP-niň iki çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, Fransiýa Eýrandaky ilçihanasynyň işgärleriniň bir bölegini bu ýurtdan çykardy.

Agentligiň çeşmeleri diplomatik missiýanyň näçe işgäriniň Eýrandan çykandygyny anyklaşdyrmady.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *