ABŞ 75 ýurduň, şol sanda MA ýurtlarynyň raýatlaryna immigrant wizasyny bermegi togtadýar
ABŞ 75 ýurduň raýatlary üçin immigrant wizasyny işläp düzmegi we bermegi togtadýandygyny yglan etdi. Bu karar 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda güýje girýär we hemişelik ýaşamak üçin berilýän wizalara (grin kartlara) degişli.
“Roýters” agentliginiň habaryna görä, bu çäre immigrasiýa syýasatynyň gözden geçirilmeginiň bir bölegi bolup, dalaşgärleriň goşmaça barlaglary, şeýle-de ABŞ häkimiýetleriniň sosial kömek ulgamyna düşüp biljek agram baradaky aladalary bilen baglanyşykly.
Raýatlary üçin immigrant wizalarynyň berilmegi wagtlaýynça togtadylan ýurtlaryň sanawyna Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Russiýa we Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy ýurtlary girýär.
Şol bir wagtda, bu çäklendirmeler immigrasiýa däl wizalara degişli däl: syýahatçy, talyp we iş wizalary, bular adaty tertipde berler.
