Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň täze WiFi routerlerinden eden tamasy ‘çykmady’

0
Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň onlarçasy häkimiýetler tarapyndan “ilaty bökdençsiz we ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek çäreleri” diýlip, ýakynda täzelenen routerlerden eden tamalarynyň çykmandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji ýanwarda Aşgabatdan maglumat berdi.
“Soňky birnäçe aýyň dowamynda paýtagtyň etraplaryndaky köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň öýlerine çekilen WiFi Internet hyzmatlary tapgyrlaýyn esasda wagtlaýyn kesilip, öňki Internet geçiriji simler we routerler aýryldy. Olaryň deregine täze ‘optowalakon’ simleri çekdiler we Hytaýda öndürilen, ‘Türkmenstandartlary’ baş döwlet gullugy tarapyndan tassyklanandygy aýdylýan routerleri çatdylar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu çäreler “Aşgabat şäher telefon ulgamynyň” (AŞTU) işgärleri tarapyndan amal edildi. AŞTU ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti paýtagtyň çäklerinde hojalyklary WiFi ulgamy arkaly öý Interneti bilen üpjün edýän ýeke-täk kärhanadyr.
“Bulary çalyşmak, täzelemek üçin hojalyklaryň her birinden 280 manat pul hem ýygnadylar. Olar simleri we routerleri täzelemek işlerini ‘ilaty bökdençsiz we ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek çäreleri’ diýip düşündirdiler” diýip, Bagtyýarlyk etrabynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
"Öňküsinden hem ýaramazlaşdy"Ýöne ýaşaýjylar özleriniň köpden bäri garaşan tamalarynyň çykmandygyny, döwlet kärhanasynyň resmileriniň öz wadalarynda tapylmandygyny aýdýarlar.
“Internetiň ne hili gowulaşdy, ne-de tizligi gowulaşdy. Gaýtam, öňküsinden hem ýaramazlaşdy. Onuň tizligi gaty haýal bolup, web sahypalara girmek, ýa-da wideolary açmak üçin ençeme minut sarp etmeli bolýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.
Üstesine-de, aradan heniz birnäçe hepde geçmänkä, routerleriň käbirleriniň içindäki gurallarynyň köýüp, hatardan çykmagy bilen bagly wakalar hem ýüze çykýar.
“AŞTU-nyň ussalary gelip, olary söküp alyp gitdiler we bejerip, täzeden dakjakdyklaryny aýtdylar. Munuň üçin ilatdan goşmaça pul alynjakdygy ýa alynmajakdygy barada häzirlikçe hiç zat aýtmadylar” diýip, ýakynda routeri hatardan çykan aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada teswir almak üçin AŞTU-nyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgisine jaň etdi. Ýöne redaksiýamyzyň 15-nji ýanwarda bu belgä eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Eýran bilen serhetýakadaky Internet çäklendirmeleriPaýtagtda ilatyň WiFi Internet aragatnaşygynyň hiliniň nobatdaky gezek ýaramazlaşmagy, goňşy Eýranda geçen ýylyň aýagyna başlanan köpçülikleýin protestleriň fonunda, ýurduň bu döwlet bilen serhetleşýän sebitlerinde Internet üpjünçiliginiň bökdeýän, ilatyň Internet elýeterliliginiň çäklendirilýän mahalyna gabat geldi.
Ahal we Balkan welaýatlarynyň türkmen-eýran serhediniň golaýynda ýerleşýän etraplarynyň ýaşaýjylary, şol sanda sarahslylar Internet petiklemeleriniň 9-njy ýanwardan bäri dowam edýändigini 13-nji ýanwarda gürrüň berdiler.
Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde, Internet azatlygyny gysmakda ýyllarboýy tankyt edilýär. Halkara barlaglarda ýurtda ilata hödürlenilýän Internet aragatnaşygynyň tizliginiň örän pes galýandygy, bahasynyň aşa ýokarydygy aýdylýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini, şol sanda garaşsyz habar serişdelerini we iri sosial torlary hem berk petik astynda saklaýar.
Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler ýurtda sanly ulgamlaryň ösdürilýändigini, tas ähli pudaklara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlaýarlar.
Geçen ýylyň güýzünde wise-premýer Mämmmethan Çakyýew Türkmenistany “dünýäniň öňdebaryjy sanly döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen çäreleriň görülýändigini” aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *