Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22 23 24
25
26
27
28
29
30
31

'Arkadag' utmaly. Futbol 'janköýerleri' üçin taýýarlyk çäreleri geçirilýär

0

Türkmenistanda “Arkadag” futbol toparynyň Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen futbol ýaryşyna taýýarlyk görülýär. Duşuşyk 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler.

Şu günler Olimpiýa stadionynda taýýarlyk çäreleri geçirilýär, emma bu sport maşklaryna degişli bolman, eýsem oňa tomaşa etjek 'janköýerlere' degişli. Häkimiýetler studentleri we býujet işgärlerini özlerini nädip alyp barmak, kime we nädip goldaw bildirmek boýunça türgenleşdirýär.

"Sport we turizm institutynyň studentleri gök eşikde türgenleşiklere gatnaşýarlar. Olara stadionda tiz wagtda geçirilmeli futbol oýnunda Türkmenistanyň "Arkadag" toparyna janköýer hökmünde tomaşa etmegiň tertibi öwredilýär" diýip, aşgabatly çeşme 22-nji ýanwarda habar berdi.

Bu maşklara gatnaşýanlaryň sözlerine görä, olara diňe türkmen komandasyny goldamak berk tabşyrylypdyr. "Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen oýunda 'Arkadag' komandasy utmaly" diýip bize aýtdylar" diýip, student gürrüň berdi.

Türkmen futbolçylarynyň Saud arabystanly garşydaşlary bilen ýaryşynyň 11-nji fewalda Aşgabatda we 18-nji fewralda Er-Riýadda boljagy Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekilişinden soň yglan edildi. Aziýa Futbol Konfederasiýasy (AFK) AFK Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň duşuşyklarynyň senelerini we başlanýan wagtlaryny tassyklady.

Futbol oýnuna tomaşaçy hökmünde taýýarlanýan studentleriň maşklary birnäçe sagada çekýär.

Sport degasyndaky maşklar"Talyplar sowuk we hapa tozanly, palçykly plastik oturgyçlarda gyş paslynyň çygynda we sowugynda ençeme sagatlap oturmaly bolýarlar. Olar baýdaklary galgatmak we başga-da dürli hereketleri ýerine ýetirmeli bolýarlar" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Onuň bellemegine görä, açyk asmanyň aşagynda ençeme wagtlap ulanylman duran bu desganyň oturgyçlaryny tozan, kir basyp gidipdir, jemagat hojalygynyň işgärleri bu desgany süpürip, ýuwup ýetişmeýärler.

"Talyplar hapa oturgyçlary ýanlary bilen getiren çygly süpürgüçler bilen arassalamak çykalgasyny tapsalar-da, sowuk we gaty oturgyçlarda köp sagatlap oturmak ýaşlaryň saglygyna zyýan ýetirýär. Olar hajathana-da goýberilmeýär" diýip, çärä gatnaşýan aşgabatly gürrüň berdi.

Türgenleşikleriň surnukdyryjy bolmagyna garamazdan, käbir ýaşlar meşhur futbolçy Ronaldonyň gelmegine garaşýar we ony görmäge umyt edýär.

Türkmenistanyň "Arkadag" topary bilen oýnajak Saud Arabystanynyň "Al-Nassr" klubynyň düzüminde bäş gezek "Altyn top" baýragynyň eýesi bolan Kristiano Ronaldo hem bar. Emma onuň Türkmenistana gelip-gelmejegi barada habar bolmady.

Biletler satylýar we 'ýerleşdirilýär'Bu aralykda üç hepdeden azrak wagtdan geçiriljek sport çäresine biletler satylyp başlandy.

Türkmen metbugaty Aşgabat şäher häkimliginiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň — türkmen futbol topary “Arkadag” bilen Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparynyň arasyndaky oýna petekleriň onlaýn arkaly satylyp başlanandygyny 19-njy ýanwarda habar berdi.

Petekleri şäher häkimliginiň resmi internet sahypasyndan, şeýle-de “Sanly şäher” mobil goşundysy arkaly satyn almak mümkin. "Turkmenportal" neşiri Aşgabat şäher häkimliginiň web saýty arkaly satylýan biletleri onlaýn arkaly satyn almak mümkinçiligini düşündirýän gözükdiriji çap etdi.

Bu media habarlarynda petekleriň bahasy oýun meýdançasyndaky orunlaryň ýerleşişine we sektorlaryna görä kesgitlenýär diýildi, emma anyk nyrh görkezilmedi. Emma her bir petek aýratyn QR-kod bilen üpjün edilip, ony satyn alan şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyna baglanylýandygy habar berildi we oýun meýdançasyna gelen janköýerler petekde görkezilen maglumatlara laýyk gelýän pasporty ýa-da dogluş şahadatnamasyny görkezmeli bolar.

"Arkadag" toparynyň “Al-Nassr” komandasy bilen futbol oýnuna barmaly potensial türkmen tomaşaçylarynyň ýene bir toparyny býujet edaralaryň işgärleri düzýär.

Azatlyk Radiosy bilen gepleşen aşgabatly býujet işgärleriniň birnäçesiniň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň döwlete degişli edaralarynda we kärhanalarynda biletler guramaçylykly satylýar.

"Işgärlere geçiriljek futbol oýnuna petekleri satyn almaly diýip, tabşyrylýar. Käbirler, esasan zenanlar 'öýde iş gutaranok, gaýrat ediň, bizi çäreden boşadyň' diýip, ýalbarýarlar. Emma başlyklary: 'Ýok, her kimiň özi gatnaşmaly, bize-de ýokardan buýruk bar' diýýärler. Sport çäresine gatnaşmaly işgärleriň sanawy düzülýär we olardan pul toplanyp, barmaly wagty kesgitlenýär" diýip, paýtagtly çeşme aýtdy.

Býujet edaralarynyň işgärlerine hem türkmen futbol toparyny goldamak tabşyrylypdyr.

"Tomaşaçylara daşary ýurt toparyna janköýerlik etmek gadagan edildi. 'Milli topary janköýer bolmaly, bu buýruk' diýip, görkezme berdiler, tabşyrdylar" diýip, býujet işgäri aýtdy.

“Arkadag” futbol toparynyň Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” komandasy bilen oýnuny başda Arkadag şäherinde geçirmek meýilleşdirilipdi. Ilkinji oýnuň 11-nji fewralda, 10000 tomaşaçy üçin niýetlenen Arkadag stadionynda geçiriljegini "Turkmenportal" neşiri 2-nji ýanwarda habar beripdi. Näbelli sebäplere görä, ol soň Aşgabada geçirilipdir.

45 müň tomaşaça niýetlenen Aşgabadyň Olimpiýa stadiony 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary üçin guruldy. Bu açyk howada ýerleşýän köpugurly sport desgasy üçin 2003-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli ulanylan we Saparmyrat Türkmenbaşy adyny göteren Olimpiýa stadiony ýumruldy.

Emma şol halkara çäresinden soň bu kaşaň desganyň soňky 9 ýyl bäri seýrek ulanylandygyny, ony tomaşaçy bilen üpjün etmek üçin ilatyň mejbur edilip, bu ýere getirilýändigine garmazdan, stadionyň üç-dört hatarynyň hem zordan doldurylýandygyny aşgabatly çeşmeler aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *