Migrant çagalary 18 ýaşyna ýetenden soň Russiýadan gitmäge mejbur edilip bilner
Rus hökümeti Döwlet Dumasyna Russiýada patent bilen işleýän migrant işçileriň çagalarynyň 18 ýaşyna ýetenden soň 30 günüň dowamynda ýurtdan çykmagyny ýa-da öz patentlerini almak üçin ýüz tutmagyny talap edýän kanun taslamasyny hödürledi.
Resminama görä, migrant işçileriň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna, ene-atasynyň bu ýurtdaky rugsatnamasynyň güýjünde bolan döwründe Russiýada galmaga rugsat berler. Ýöne munuň üçin ene-ata özi we her bir çaga üçin şahsy girdeji salgydynyň tölegini öňünden tölemeli bolar.
Mundan başga-da, Döwlet Dumasyna hödürlenen kanun taslamasy patentleri bermek we täzelemek üçin goşmaça şertleri girizýär. Eger Russiýada işleýän migrant işçiniň girdejisi özi we özüne garaşly her bir maşgala agzasy üçin ýaşaýyş minimumyndan pes bolsa, onda onuň patenti ýatyrylyp bilner.
Bu çäre patentiň daşary ýurtly raýata ilkinji gezek berilýän ýa-da daşary ýurtly raýat “telekeçilik işi bilen baglanyşykly bolmadyk fiziki taraplaryň şahsy, öý hojalygy we şuňa meňzeş beýleki zerurlyklary üçin işleýän” ýagdaýlaryna degişli bolmaz.
Salgyt edaralarynyň daşary ýurtlularyň girdejileri baradaky maglumatlary ýylyň üç, alty, dokuz we on iki aýlary üçin awtomatik usulda Içeri işler ministrligine tabşyrmagyna garaşylýar.
