Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28

Eýran, içerki we daşarky basyş astynda, ABŞ bilen gepleşikleriň üçünji tapgyryna taýýarlanýana meňzeýär

0

Ýurduň içinde oppozisiýanyň artmagy we global derejede ABŞ-nyň harby hüjümi bilen bagly howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Eýranyň hökümeti öňümizdäki hepde Omanyň araçylygynda amerikan wekilleri bilen gepleşikleriň üçünji tapgyryna taýýar ýaly bolup görünýär.

Omanyň daşary işler ministri Badr Albusaidi 22-nji fewralda beren maglumatynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça “ylalaşygy tamamlamaga gönükdirilen goşmaça tagalla bilen”, gepleşikleriň 26-njy fewralda Ženewada täzeden başlanjakdygyny aýtdy.

Eýran hökümeti aýry-aýrylykdaky beýanatlarynda gepleşikleriň şol senede Şweýsariýanyň şäherinde geçirilmegini teklip etdi. ABŞ-nyň resmileri heniz bu ýagdaý barada hiç hili beýanat bilen çykyş etmediler.

ABŞ administrasiýasy Eýrana özüniň ýadro programmasyny çäklendirmegi üçin basyş edýär, Tähran bolsa onuň elektrik energiýasyny öndürmek ýaly parahatçylykly, raýat maksatlary üçin niýetlenendigini öňe sürýär.

Waşington, Ysraýyl we Günbataryň beýleki ýurtlary bilen bilelikde, Tährany atom ýaraglaryny döretmäge synanyşmakda aýyplaýar.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *