Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23 24 25
26
27
28

ÝÖB: Merkezi Aziýanyň ilaty 2040-njy ýyla çenli 96 milliondan geçip biler

0

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilaty 2040-njy ýyla çenli 96 milliona ýetip biler we bu ýagdaý sebit infrastrukturasyna düýpli agram salar diýip, Ýewraziýa Ösüş bankynyň başlygy Nikolaý Podguzow TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.

"Biziň hasaplamalarymyza görä, 2040-njy ýyla çenli Merkezi Aziýanyň ilaty 96 milliona ýetip biler. Bu ykdysadyýet üçin hereketlendiriji güýç bolmaly, ýöne, şonuň bilen bir wagtda, beýle köp ilat infrastruktura uly agram salar. Rahat ösüş energiýa netijeliliginde, döwrebap çeýelikde we suw serişdelerini dolandyrmakda böküşi talap edýär" diýip, ÝÖB-niň başlygy belledi.

Podguzow bu sebitiň "dünýäde howa üýtgemeleri babatynda iň gowuşgynsyz sebitleriň biri bolup durýandygyny’’ belledi. Çaklamalara görä, 2028-nji ýyla çenli suw ýetmezçiligi ýylda 5-12 kub metre çenli ýetip biler. Suw serişdeleriniň ep-esli bölegi infrastrukturanyň ýaramazlaşmagy sebäpli ýitirilýär.

ÝÖB-niň başlygy bankyň suwaryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we suw ölçeglerini sanlylaşdyrmak taslamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşýandygyny belledi.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *