Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23 24 25 26 27
28

Garagumda şeker şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga işçi ‘tapdyrmaýar’

0
Marynyň Garagum etrabynyň daýhan birleşiklerinde ýetişdirilen şeker şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak meselesinde işçi ýetmezçiligi emele geldi. Kärendeçi daýhanlar ýetmezçilige gyssagly çözgüt tapylmasa, munuň hasylyň zaýa bolmagyna getirjekdigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy fewralda sebitden maglumat berdi.
“Häzir Garagumda şugundyr hasylyny ýygnamak möwsümi dowam edýär. Ýöne etrapda adam sanynyň ep-esli azalmagy, daýhan birleşiklerde şugundyr hasylyny ýygnap almak meselesinde uly alada döretdi. Häzir şugundyr ýygnamaga işçi tapdyrmaýar” diýip, ýerli kärendeçi daýhan anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Daýhanlaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda geňeşliklerde işe ýaramly adamlaryň azalmagyny olaryň gazanç gözleginde daşary ýurtlara gitmegi bilen düşündirýär.
“Geňeşliklerde adam galmady. Hatda biri dünýäden gaýtsa, merhumy göterip soňky ýoluna ugratmana erkek adam ýetenok. Ýaşuly, mollalar bar. Ýöne olaram çala jan, ysgynsyz, ýarawsyz, syrkaw bolandyklary sebäpli tabyt götermäne ýaramaýarlar” diýip, daýhanlaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.
“Arkasynda döwlet emeldarlary bolan...”Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky onýyllygyň dowamynda müňlerçe raýat gazanç gözleginde daşary ýurtlara gitdi. Habarçylarymyz ýurt raýatlarynyň daşary döwletlere akymynyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda has-da güýçlenendigini aýdýarlar.
Hatda olar mekdebi we gullugy tamamlan ýaşlardan başga-da, döwlet edaralarynda işleýän türkmenistanlylaryň, şol sanda lukmanlaryň, mugallymlaryň, harbylaryň arasynda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň göz-görtele köpelendigini aýdyp gelýärler.
Maryly daýhanlaryň sözlerine görä, hatda häzirki wagtda olar ýokary synplarda okaýan okuwçy çagalara hem şugundyr hasylyny ýygnamaga gatnaşmagy we munuň üçin gündelik 60 manat hak tölemegi teklip edýärler.
“Bu töleg geçen ýyllarda 40-45 manada barabardy. Ýöne şonda-da adam, işçi tapmak kyn boldy. Daýhan birleşikleriň başlyklary hem kömek etmeýär. Muňa gyssagly çözgüt tapylmasa, bu şugundyr hasylynyň ýygnalyp alynmadyk böleginiň zaýa bolmagyna we biziň uly maddy ýitgi çekmegimize getirer” diýip, kärendeçi daýhan belledi.
Şol bir wagtda, daýhanlar “arkasynda döwlet emeldarlary bolan” şugundyr meýdanlaryna býujet işgärleriniň getirilip, şugundyr hasylynyň ýygdyrylýandygyny hem bellediler.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şol sanda şugundyr haslyny ýygnap almak meselesindäki işçi ýetmezçiligi we daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan töwekgelçilikleri barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň oba hojalygy bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimlerine gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnamak işlerini berk gözegçilikde saklamagy şu ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek tabşyrdy.
"Zerur çäreler görülýär"Marynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew 9-njy fewralda geçirilen hökümet maslahatynda prezidente beren hasabatynda welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri hasyly ýygnamak işlerine kimleriň çekilýändigi, bu çäräniň nämäniň hasabyna amal edilýändigi barada maglumat bermeýärler.
Ýöne Türkmenistanda şugundyr hasylynyň býujet işgärleriniň, esgerleriň, okuwçylaryň hasabyna ýygnalýandygy barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berip gelýärler.
Mundan başga-da, geçen ýyllarda bu işlere köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan raýatlaryň, şeýle-de ten söwdasy bilen meşgullanýanlaryň hem çekilýändigi barada maglumatlar gelip gowşupdy.
Geçen ýylyň fewralynda Marydaky habarçylarymyz ekin meýdanlaryna alkogol içgileri bilen bagly problema sebäpli polisiýa tarapyndan tutulýan adamlaryň, şol sanda hassalaryň hem alnyp barylýandygyny we olaryň şugundyr ýygnamaga mejbur edilýändigini habar beripdiler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri şugundyr meýdanlaryndaky işçi ýetmezçiligi, munuň sebäpleri, ykdysady kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Türkmenistanda soňky on ýyllykda şugundyr we ýeralma ýaly oba hojalyk ekinleri hem döwlet tabşyrygyna girizildi. Gant şugundyry esasan ýurduň Mary we Balkan welaýatlarynda ýetişdirilýär.
Bu ýylky göz öňünde tutulýan şugundyr hasyly barada resmi çeşmelerde maglumat göze ilmeýär. Resmi habarlara görä, şugundyr hasyly ýurtda şeker we dürli gant önümleri öndürilýän ýeke-täk kärhanada "Maryşeker" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işlenip taýýarlanylýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *