Russiýanyň sudy teatr direktory Kirill Serebrennikowa we onuň bilen bilelikde aýyplanýanlara garşy sud işinde delilleriň täze derňewini geçirmegi tabşyrdy we munuň bilen baglanyşykly nobatdaky sud diňlenişigini iki aý soňa goýdy.
15-nji aprelde yglan edilen bu karar, köpçülikde uly seslenme getiren sud işinde prokurorlar tarapyndan hödürlenen maliýe maglumatlaryny sorag astyna alyp, özlerini gorap çykyş edýänler üçin ýeňiş ýaly bolup görünýär.
Meşanskiý etrap sudunyň kazysy Irina Akkuratowa sud işi bilen ilteşikli maliýe, çeperçilikli we beýleki maglumatlara “hemmetaraplaýyn” baha bermegi tabşyrdy we nobatdaky sud diňlenişiginiň 17-nji iýunda geçiriljekdigini mälim etdi.
Serebrennikowyň 2017-nji ýylyň awgustynda tussag edilmegi halkara ünsi özüne çekdi we rus häkimiýetleriniň prezident Wladimir Putiniň hökümeti bilen gapma-garşy pikirdäki medeniýet işgärlerini yzarlaýandygy baradaky aýyplamalaryň öňe sürülmegine sebäp boldy.
49 ýaşly teatr direktory we onuň bilen aýyplanýan ýene üç adam 2011-2014-nji ýyllarda döwlet tarapyndan “Ýedinji studio” peşgeş berlen 133 million rubl, ýagny $2 million möçberindäki maliýe serişdesini bikanun öz hasabyna geçirmekde aýyplanýar.
“Ýedinji studio” girdejisiz gurama bolup, ol Serebrennikow tarapyndan döredildi.
8-nji aprelde sud Serebrennikowyň we aýyplanýan beýleki iki adamyň öý tussaglygyndan boşadylmalydygy barada karar çykarypdy.
Социальные и ESG-проекты ГПМ Радио названы лучшими в России
Автопробег в честь Дня России прошел в Ленинском округе
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде
Социальные и ESG-проекты ГПМ Радио названы лучшими в России
Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!
В Дубне сотрудники Росгвардии помогли утиному семейству перейти оживленную трассу
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
С начала года более 4,7 тысячи жителей Московского региона оформили страховую пенсию в автоматическом режиме на портале госуслуг
Депутат МГД Самышина проконтролирует реконструкцию «Сквера влюбленных» на Пятницкой улице
Пробки на дорогах Подмосковья оценили в 7 баллов вечером 14 июня
Клиентки агентства Maryway рассказали, как их вынудили взять кредиты
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде