Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Новости за 26.04.2019

Tatarstanyň prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana barýar

Azathabar.com 

Tatarstanyň prezidenti 27-nji aprelde Türkmenistana sapar eder. Rustam Minnihanowyň Türkmenistana etjek iş sapary barada onuň metbugat wekili Liliýa Galimowa 25-nji aprelde žurnalistlere aýtdy. Tatarstanyň media maglumatlaryna görä, Minnihanowyň Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşmagy planlaşdyrylýar. "Tatarstanyň prezidentiniň Türkmenistanyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy planlaşdyryldy. Hyzmatdaşlygy ösdürip boljak ugurlary ara alyp maslahat etmek, haryt nomenklaturasynyň... Читать дальше...

Türkmenistanda uruş weteranlaryna we wepat bolanlaryň maşgalalaryna sowgat berler 

Azathabar.com 

Türkmenistanda uruş weteranlaryna we wepat bolanlaryň maşgalalaryna sowgat gowşurylar. Bu barada 25-nji aprelde prezidentiň kararynda aýdylýar.  Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol çekip, welaýatlaryň, şäherleriň, we etraplaryň häkimliklerine 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň 74-nji ýyl dönümi mynasybetli Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna, şeýle-de wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna pul we gymmatly sowgatlary bermegi tabşyrdy diýip, TDH döwlet habar agentliginiň maglumatynda aýdylýar. Читать дальше...

Türkmen prezidenti daşary ýurtlulary berk hasaba almagy tabşyrdy 

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana barýan ähli daşary ýurtlularyň berk hasaba alynmagynyň üpjün edilmegini tabşyrdy. Resmi medianyň habar bermegine görä, Berdimuhamedow 25-nji aprelde hökümet maslahatynda migrasiýa gullugynyň ähli gulluklarynyň "Türkmenistana iş we tanyşdyryjy saparlar bilen gelýän daşary ýurt raýatlarynyň berk hasaba alynmagyna" gönükdirilmelidigini belläpdir.  Türkmen prezidenti dürli ýurtlardan bolan myhmanlaryň migrasion düzgünlerden geçmegi üçin halkara standartlaryna laýyk gelýän şertleri üpjün etmegi... Читать дальше...

Gazagystanyň ýeke-täk oppozision partiýasy prezident saýlawlaryny boýkot edýär

Azathabar.com 

Gazagystanda oppozision hökmünde yglan edilen ýeke-täk syýasy topar "Umumymilli sosial demokratik partiýasy" 9-njy iýuna bellenen möhletinden irki prezident saýlawlaryny boýkot etmek kararyny yglan etdi.  Partiýa 26-njy aprelde Almatyda geçiren kongresinde yglan eden bu karary arkaly hökümetçi partiýalaryň öňe süren "gurjak" kandidatlarynyň wagtlaýyn prezident we häkimiýet başyndaky "Nur Otan" partiýasynyň dalaşgäri Kasym-Žomart Tokaýewiň ýeňişini güwä geçmäge berjek ýardamyna garşylyk bildirýändigini aýtdy. Читать дальше...

ÝHHG, BMG-niň günbatar agzalary Putiniň ukrainlere rus raýatlygyny bermek kararyny ýazgardylar

Azathabar.com 

ÝHHG we BMG-däki günbatar ýurtlary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainada orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki territoriýalaryň ýaşaýjylaryna Orsýetiň raýatlygyny bermek prosesini ýeňilleşdirmek kararyny tankyt etdiler.  Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 25-nji aprelde çap eden beýanatyna görä, guramanyň ýolbaşçylary "bu birtaraplaýyn hereketiň Ukrainadaky we onuň daşyndaky krizisiň parahatçylykly çözgüdine zyýan ýetirip biler diýip pikir edýärler". Gurama öz beýanatynda "ok atyşygynyň durnukly... Читать дальше...

Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen sammitiniň detallaryny hytaý liderleri bilen paýlaşar

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen geçiren gepleşikleriniň jikme-jiklerini Pekinde Hytaýyň liderleri bilen paýlaşar. Şeýle-de, Putin gepleşikleriniň detallaryny ABŞ bilen paýlaşmak isleýändigini aýtdy.  Demirgazyk Koreýanyň döwlet mediasynyň 26-njy aprelde habar bermegine görä, Kim Putini "oňaýly wagtda" Phenýana sapar etmäge çagyrypdyr. Bu çakylyk "höwes bilen kabul edildi" diýip, Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar agentligi mälim etdi. Sapara degişli takyk wagt agzalmady. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *