Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Новости за 29.04.2019

Türkmenistanda unuň gytçylygy dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda un we çöregiň ýeter-ýetmezçiligi dowam edýär. 29-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde bu barada maglumat berdi.

SIPRI: Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary harby çykdajylaryny artdyrýarlar

Azathabar.com 

2018-nji ýylda Ukraina, şeýle-de Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ençeme ýurtlary, aglaba ýagdaýda Russiýadan abanyp biljek howplara jogap hökmünde, özleriniň goranmak pudagyna goýberýän harajatlaryny göz-görtele artdyrdylar diýip, degişlilikdäki öňdebaryjy ylmy-barlag instituty maglumat berýär.

Aşgabadyň aeroportunda onlarça adam ýurduň daşyna goýberilmedi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň onlarça raýaty geçen dynç günleriniň dowamynda Türkiýä gidip bilmedi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, 29-njy aprele geçen gije Aşgabadyň halkara aeroportunyň migrasiýa gullugy azyndan 50 adamy serhetden geçirmändir. Edil şeýle ýagdaýlaryň ýene birnäçesi soňky günlerde ýüze çykdy. "27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gije Aşgabat aeroportunda 80 adam ýolundan alnyp galyndy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysy bir gün öň habar berdi we munuň öňüsyrasynda... Читать дальше...

Owganystanda “Loýa Jirganyň” mejlisi başlandy

Azathabar.com 

Owgan prezidenti Aşraf Gani “Loýa Jirganyň” mejlisini, ýagny ýaşulularyň, dindar alymlaryň we tanymal owganlaryň däp bolan ýygnagyny açdy. Bu ýygnaga ýurduň çar künjeginden 3 müň 200-den gowrak adam çagyryldy we olar ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk tagallalaryny ara alyp maslahatlaşmagy niýet edinýärler. Ýokary derejeli resmileriň birnäçesi, şol sanda baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdulla Kabuldaky geçýän dört günlük ýygnanyşyga gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Prezident Gani parahatçylyk boýunça... Читать дальше...

Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary harby çykdajylaryny artdyrýarlar

Azathabar.com 

Ukraina, şeýle-de Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ençeme ýurtlary, aglaba ýagdaýda Russiýadan abanyp biljek howplara jogap hökmünde, özleriniň goranmak pudagyna goýberýän harajatlaryny göz-görtele artdyrdylar diýip, degişlilikdäki öňdebaryjy ylmy-barlag instituty maglumat berýär. Stokgolmyň Halkara Parahatçylyk Ylmy-Barlag Institutynyň, ýagny SIPRI-niň 29-njy aprelde ýaýradan maglumatyna görä, geçen ýyl Ukrainanyň harby pudagyna goýberýän serişdeleri 21% artyp, ol 4.8 milliard dollara deň bolupdyr. Читать дальше...

HWF: Eýrandaky inflýasiýanyň derejesi 40% çenli ýetip biler

Azathabar.com 

Eýranyň ykdysadyýetiniň şu ýylyň dowamynda 6% pese gaçmagyna, şeýle-de inflýasiýasynyň derejesiniň 40%-e çenli ýetmegine garaşylýar diýip, Halkara Walýuta Fondy (HWF) maglumat berýär. Bu aralykda, Tähran ABŞ-nyň girizen has berk sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolup dur. Waşington geçen ýylyň noýabrynda, 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykanyndan soň, Eýranyň nebit eksportyna garşy gönükdirilen sanksiýalary ýaňadandan girizipdi. 21-nji aprelde Ak Tam kadadan çykma hökmünde eýran... Читать дальше...

Sowet ýaraglaryny ýok etmekde möhüm roly oýnan ozalky senator aradan çykdy

Azathabar.com 

Sowuk urşy döwründen soň sowetleriň ýadro we himiki ýaraglaryny ýok etmek boýunça programmany işläp düzmekde möhüm roly oýnan ozalky respublikan senatory Riçard Lugar 28-nji aprelde 87 ýaşynda aradan çykdy. Lugar 1977-2013-nji ýyllar aralygynda Senatda Indiana ştatyna wekilçilik edipdi. Ol onlarça ýyllap Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde hem işläpdi. Lugar 1991-nji ýylda demokratik senator Sam Nunn bilen bilelikde sowetleriň köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň terroristleriň ýa-da duşmançylykly... Читать дальше...

Belli sowet uçar dizaýneri aradan çykdy

Azathabar.com 

Russiýada Ilýuşin adyndaky uçar-konstrusiýa kärhanasynyň ozalky baş dizaýneri 93 ýaşynda aradan çykdy. Inžener Genrih Nowožilowyň 28-nji aprelde aradan çykandygy baradaky habary Ilýuşin kärhanasynyň ozaky baş direktory Alekseý Rogozin özüniň sosial torlaryndaky sahypasynda mälim etdi. Nowožilowyň aradan çykmagy bilen baglylykda başga goşmaça maglumat berilmedi. Nowožilow sowetler döwründe Il-18, Il-62, Il-76 we Il-96 kysymly ýolagçy uçarlaryny işläp düzmekde möhüm rol oýnapdy. Galyberse-de... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *