Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Новости за 09.02.2018

Ankarada ten söwdasyna mejbur edilendigi aýdylýan migrant zenanlar saklandy

Azathabar.com 

Türkiýäniň paýtagty Ankarada polis tarapyndan gurnalan operasiýada, daşary ýurtlardan getirilip, ten söwdasyna mejbur edýändigi öňe sürülýän 6 migrant zenan saklanypdyr. Olaryň arasynda türkmenistanly raýatlaryň hem bardygy habar berilýär. Polis çeşmeleriniň metbugata beren beýannamasyna görä, Ankara polisiniň fewral aýynyň başynda başladan işleriniň netijesinde, öýlenmek we iş wadasy bilen daşary ýurtlardan getirýän zenanlary aldawa salyp, olary ten söwdasyna mejbur edýän adamlar anyklap yzarlanýar. Читать дальше...

Kiçi etrapçanyň ara ýollary sökülip täzelenýär we ýene sökülýär

Azathabar.com 

Aşgabat şäherniň kiçi etrapçalarynda goşmaça gurluşyklaryň ýumrurlyp, etrapçalaryň ara ýollarynyň täzeden abatlanandygyna ýaňy iki ýyla golaý wagt boldy. Emma kiçi etrapçalaryň ara ýollarynyň täzeden gazylýan ýerleriniň kändigini hem görse bolýar. Aşgabadyň Oguzhan köçesiniň ugrunda Howdan massiwine degişli böleginde, abatlananyna bary-ýogy bir ýyla golaý wagt geçen böleginiň täzeden gazylýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Howul-hara, harsal edilen işleri soňra bir ýyl hem geçmänkä gaýtadan gazyp, gaýtadan abatlap başlaýarlar. Читать дальше...

Günorta Koreýada 23-nji Gyşky olimpiada başlanýar, oňa türkmen türgenleri gatnaşmaýar

Azathabar.com 

Şu gün, ýagny 9-njy fewralda Günorta Koreýada Gyşky Olimpiýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylýar. Gyşky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň sportsmenleri gatnaşmaýar. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Gyşky Olimpiýa oýunlary bu gezek Günorta Koreýanyň Phýongçhang şäherinde geçirilýär. 9-njy fewralda açylyş dabarasyna gatnaşýan döwletleriň toparlarynyň başynda, adatdakysy ýaly Gresiýanyň delegasiýasynyň barjakdygy aýdyldy. Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň bilelikde çykyş etjek komandasyna aýratyn üns beriljekdigi bellenýär. Читать дальше...

ABŞ Siýada hökümetçi güýçlere garşy hüjümi barada Orsýeti habarly edendigini aýdýar

Azathabar.com 

Pentagon ABŞ-nyň harby ýolbaşçylarynyň Siýada hökümetiniň tarapynda söweşýän güýçlere garşy howa we guryýer zarbalaryny amala aşyrmakdan öň orsýetli kärdeşlerini habarly edendigini we zarbalaryň Siriýanyň gündogarynda söweşýän ýaran güýçlerine garşy edilen hüjümlere jogap bolandygyny belledi. Goranmak departamentiň metbugat-wekili Dana Waýt 8-nji fewralda eden çykyşynda Del al-Zor regionynda Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky konfliktsiz zonada amala aşyrylan hüjümleriň netijesinde wepat bolan onlarça... Читать дальше...

Eýran ABŞ beýleki meseleleri maslahat etmekden öň ýadro ylalaşygyna kepil geçmeli diýýär

Azathabar.com 

Eýranyň baş resmisi Ýakyn Gündogar regionyna täsir ýetirýän beýleki meseleleri maslahat edip başlamagyň öňýany Günbataryň 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygynyň şowludygyny güwä geçmeli diýdi. Daşary işler ministriň orunbasary Abbas Arakçi 8-nji fewralda Parižde geçirilen konferensiýada eden çykyşynda Tähranyň regional aktiwliginiň we raketa programmasynyň ABŞ-nyň çykmak bilen haýbat ylalaşygyna hormat goýýandygyny belledi. “Häzir olar Eýrandan başga meseleleri diskussiýa etmegi soraýarlar. Biziň jogabymyz anykdyr... Читать дальше...

Almatyda şäherinde oppozisiýa lideri Altynbek Sarsenbaýulynyň hatyrasyna matam tutuldy

Azathabar.com 

Oppozision syýasatçylar, žurnalistler, graždan aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylar 9-njy fewralda Gazagystanyň Almaty şäherinde jemlenip, oppozisiýa lideri Altynbek Sarsenbaýulynyň hatyrasyna matam çäresini geçirdiler. Sarsenbaýuly 12 ýyl mundan ozal öz egindeşleri bilen bilelikde atylyp öldürilipdi. Astana myhmanhanasynda geçirilen matam çäresinde aktiwistler we syýasatçylar Sarsenbaýulynyň syýasy oppozisiýadaky roly, täsiri barada pikir alyşdylar. Olar syýasatçynyň öldrilmeginden soň... Читать дальше...

Günorta Koreýada 23-nji Gyşky olimpiýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylýar

Azathabar.com 

9-njy fewralda Günorta Koreýadanyň Phýongçhang şäherinde 23-nji Gyşky olimpiýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylýar. Iki sagatlyk açylyş dabarasynyň 35 müň çemesi tomaşaçysynyň arasynda döwlet we hökümet baştutanlary hem bar. Olimpiýada üçin ýörite gurlan köşkdäki açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Sport boýunça halkara arbitraž sudunyň (CAS) yglan eden kararyna görä, 45 sany orsýetli sportsmene ýaryşa gatnaşmak gadagan edildi. Orsýetiň 169 sany sportsmeni olimpik baýdagynyň astynda ýaryşar. Dekabrda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *