Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Новости за 20.02.2018

Özbek prezidenti Milli howpsuzlyk gullugyny göz öňünde tutup, 'guduz köpekleriň' wagty doldy diýdi

Azathabar.com 

Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugy onýyllyklaryň dowamynda bimöçber güýje eýe bolup gelýärdi, ýöne “indi ol döwür gutardy” diýip, ýurduň täze baştutany çykyş etdi. Prezidentlik wezipesiniň ikinji ýylynda özünden öňki eli güýçli prezidentiň esasy daýanjy bolan Howpsuzlyk gullugy barada çykyş edende Mirziýoýew gullugy aýamady; ony zalymlykda we bigünä adamlara azar bermekde aýyplady, hem-de howpsuzlyk işgärleriniň “hetden aşandyklaryny” aýtdy. 16-njy fewralda Buhara welaýatynda ýerli aktiwistler... Читать дальше...

Türkmenistanyň döwlet biržasy prezident apparatynyň 25 kaşaň awtoulagyny satuwa çykardy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet biržasy prezidentiniň apparatynyň 25 sany gymmatbaha Mersedes we Maýbah kaşaň ulagyny satuwa çykardy, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşriniň maglumatyna görä, 25 sany Mersedes we Maýbah S600L kysymly polata gaplanan ulaglaryň bahasyny Türkmenistanyň döwlet biržasy 19 fewralda çap edipdir. Awtoulaglaryň bahasy olaryň öndürlen ýylyna bagly. 1995-nji ýylyň Mersedes ulagyny 25 müň amerikan dollaryna satýarlar, 2009-njy ýylyň ulagynyň bahasy 75 müň amerikan dollaryna barabar diýlip... Читать дальше...

Özbegistanly hüjümçi Şwesiýany YD garşy göreşden saklamak maksadyna eýerendigini aýtdy

Azathabar.com 

Stokgolmda bäş adamy öldürendigini boýun alan özbegistanly öz hereketiniň maksadyny Şwesiýany “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topara garşy göreşden çekilmäge mejbur etmek islegi bilen düşündirdi. “Men Şwesiýanyň “Yslam döwleti” toparyna hüjüm edilýän uruş zolaklaryna esger ibermegini duruzmak isläpdim” diýip, günälenýän Rahmat Akilow 20-nji fewralda Şwesiýanyň paýtagtynda geçirilen sud diňlenişiginde aýtdy. 39 ýaşly Akilow 2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde ýük ulagyny ogurlap, ony köp adamly köçede... Читать дальше...

Tähranda sufileriň protestinde bäş howpsuzlyk işgäri wepat boldy, 300 adam tussag edildi

Azathabar.com 

Tähranda kanun goraýjylaryň we sufi musulmanlaryň arasynda bolan çaknyşyklaryň dowamynda bäş howpsuzlyk işgäri wepat boldy we 300 adam tussag edildi diýip, polisiýa 20-nji fewralda habar berdi. Derwişler diýlip tanalýan “Gonabadi Sufi” guramasy bir gün öň Tähranyň demirgazygynda dörän protestleriň dowamynda öz agzalaryndan azyndan biriniň kanun goraýjylar tarapyndan öldürlendigini aýtdy. “Gonabadi” guramasynyň agzalary öz dini jemgyýetiniň azyndan bir agzasynyň tussag edilmegine nägilelik bildirmek üçin polisiýanyň öňüne jemlendiler. Читать дальше...

Poroşenko öňki ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň gaýybana suduna gatnaşar

Azathabar.com 

Prezident Petro Poroşenko öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň dönüklikde aýyplanmagy bilen baglylykda geçirilýän sud diňlenişiginde şaýat hökmünde çykyş eder. Ukraina Moskwa tarapdar öňki lideri Ýanukowiçiň ýurt başyndan çetleşdirilmegine getiren Ýewromaýdan protestleriniň iň ganly senesiniň ýyl dönümini belleýär. 2014-nji ýylyň 20-nji fewralynda Kiýewiň polisiýasy bilen çaknyşykda wepat bolan protestçileriň hatyrasyna matam tutulýar. Poroşenko dört ýyl mundan ozal protestlere garşy durmakdan gaçyp... Читать дальше...

Türkmenistanly studenti öz janyna kast etmäge itermekde güman edilýän dekanyň orunbasary işden çetleşdirildi

Azathabar.com 

Kiýewiň A.A.Bogomoles adyndaky milli medisina uniwersiteti türkmenistanly student Mukaddas Nasyrlaýewany öz janyna kast etmek ýagdaýyna ýetirmekde güman edilýän dekanyň orunbasary Tatýana Timohinany işden çetleşdirdi. 19-njy fewralda ýokary okuw jýynyň websaýtynda çap bolan maglumatda daşary ýurtly studentler bilen işleşmek boýunça dekanyň orunbasarynyň wezipesinden çekilmek hakynda özüniň arza tabşyrandygyny aýdylýar. “A.A.Bogomoles adyndaky MMU-nyň ýolbaşçylygy daşary ýurtly studentler bilen... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *