Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Новости за 30.09.2020

Balkanabatda ýapyk sud Pygambergeldi Allaberdiýewi 6 ýyl tussaglyga höküm etdi

Azathabar.com 

Balkanabatda ýapyk görnüşde gecirilen sud Pygambergeldi Allaberdiýewi 6 ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada 30-njy sentýabrda adam hukuklaryny goraýjy guramalar "Türkmen Helsinki fondy" we "Memorial" habar berdi. Sud 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Balkanabat şäherinde tussag edilen 48 ýaşly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewi "huligançylykda" günäledi. 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Balkanabatda 48 ýaşyndaky ýurist Pigambergeldi Allaberdiýew sud edildi. Galplaşdyrylan "huligançylyk" işi... Читать дальше...

Lebapda awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagy gizlin taksileriň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna getirdi

Azathabar.com 

Lebapda käbir etraplaryň we şäherleriň arasyndaky döwlet awtobuslary ýygymçylary pagta meýdanlaryna gatnatmak üçin adaty gatnawlaryny ýatyrdy. Bu welaýatda gizlin işleýän hususy taksileriň bahasynyň tas üç esse gymmatlamagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär. "Darganata-Türkmenabat, Gazojak-Türkmenabat arasyndaky döwlet awtobus gatnawlary noýabr aýynyň ahyryna çenli togtadyldy. Häzirki wagtda bu awtobuslar pagta çykýan ýygymçylary gatnadýarlar" diýip, gizlinlik... Читать дальше...

Maryda iri şahly hojalyk mallary näbelli kesele ýolugyp, köpçülikleýin haram ölýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynda iri şahly hojalyk mallary köpçülikleýin keselleýär we gyrylýar. Bu barada ýerli häkimiýetler dymýan mahaly, weterinariýa gullugynyň käbir işgärleri muňa türkmen häkimiýetleriniň pandemiýa aladalarynyň fonunda, uçardan derman sepmek çäresiniň sebäp bolan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.

"Kameralar itleriň ýören ýerini ýazga alýar, jemagat gulluklary zäher atýar"

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda pişiklere we itlere garşy "söweş" dowam edýär. Aşgabatda haýwanlary goraýjylaryň aýdyşyna görä, häkimiýetleriň haýwanlary ýok etmek boýunça çäreleri, diňe öýsüz itlere we pişiklere däl, eýsem eýeleri bilen gezelenje çykýan öý haýwanlara hem degişli. Haýwanlaryň eýeleri we goraýjy aktiwistler şu günler jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan köp ýerde zäherlenen iýmitiň bilkastlaýyn ýerleşdirilýändigini aýdýarlar. Şäher häkimligi bu ýagdaý barada düşündiriş bermeýär.

Belarus resmileri Tut.By garaşsyz habar portalyny gadagan etdi

Azathabar.com 

Belarusyň garaşsyz Tut.by habar saýty häkimiýetleriň üç aý möhlet bilen saýty gadagan edendigini aýtdy. Bu ýurtdaky syýasy krizis barada habar berýän döwlete degişli däl habar serişdeleriniň resmiler tarapyndan nobatdaky gezek basylyp ýatyrylmagydyr. Tut.by 29-njy sentýabrda öz web-saýtynda çap eden makalasynda, 1-nji oktýabrdan başlap, azyndan üç aýa çenli saýtyň hasaba alnan media guramasy hukugyny ýitirýändigini aýtdy. Belarus häkimiýetleri gadagançylygy dessine tassyklamady. Tut.By özüniň dört aýrybaşga duýduryş kabul edendigini... Читать дальше...

ABŞ kazysy rus hakeri Nikulini ýedi ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etdi

Azathabar.com 

Kärdeşleri tarapyndan rus haker dünýäsiniň “Putini” atlandyrylýan Ýewgeniý Nikulin LinkedIn, DropBox we beýleki Internet kompaniýalaryny döwmekde günäli tapylandan soň, ýedi ýyldan gowrak möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Höküm 29-njy sentýabrda ABŞ-nyň San Fransisko federal kazyýetiniň kazysy tarapyndan çykaryldy. Courthousenews.com saýtyna görä, kazy William Alsup Nikuline: “Meniň pikirimçe siz zehinli ýigit. Örän zehinli” diýdi. “Men sizi özgeleriň kompýuterlerini döwmäge derek... Читать дальше...

Belarus ýolbaşçylaryna basyş artýar, Kanada we Angliýa sanksiýa yglan edýär

Azathabar.com 

Belarusda geçen aý bolan jedelli prezident saýlawlary we onuň yz ýany polisiýanyň oppozisiýa agzalaryny, habar serişdelerini we protestçileri basyp ýatyrmagy boýunça halkara basyş dowam edýän wagty, Kanada we Angliýa Belarusyň birnäçe ýokary wezipeli resmisine, şol sanda awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenka garşy sanksiýa yglan etdi. Iki ýurt Lukaşenkanyň “zorlukly hem-de galp režimine”, “göz edip” 29-njy sentýabrda bilelikde sanksiýa yglan etdi. Sanksiýalar syýahat gadagançylygyny hem-de aktiwleriň doňdurylmagyny hem öz içine alýar. Читать дальше...

Tramp-Baýden çekişmesi: Başdan soňa şahsy hüjüm, gyzyşan gürrüň

Azathabar.com 

29-njy sentýabrda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär Jo Baýden özleriniň ilkinji telewizion çekişmesinde çekeleşdiler. At dakyşmadan we söz kesişmeden dolan 90 minutlyk bulam-bujar çekişme iki dalaşgäriň biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan özboluşlylygyny açyk görkezdi. Çekişme koronawirus pandemiýasy, Ýokary kazyýete kandidat hödürlenmegi, kanun we tertip-düzgün, jyns gatnaşyklary we gaýry temalary öz içine aldy. Tramp Baýdene gazaply hüjüm etdi, öňki wise-prezident ýiti garşylyk görkezdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *