Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Новости за 09.09.2020

Pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryň Türkmenistana gelmegi dowam etdirilýär

Azathabar.com 

Pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryň Türkmenistana dolanmagy dowam edýär. Türkmenistanyň ençeme raýaty watanyna dolanmak mümkinçiliginden şu ýylyň mart aýynda halkara gatnawlaryň doly ýatyrylmagy sebäpli mahrum bolupdy. Türkmenistanyň öz raýatlaryny watanyna gaýtarmak prosesi awgustyň ikinji ýarymynda başlandy. Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurduň gündogarynda ýerleşýän Türkmenabadyň aeroportuna Belarusdan we Moskwadan birnäçe ýüz türkmen raýaty barypdyr. Читать дальше...

Russiýa Nawalnynyň işi boýunça “köpçülikleýin ýalan maglumat kampaniýasynyň” alnyp barylýandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Moskwa G-7 toparynyň düzümine girýän döwletleri Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmek işi bilen baglylykda Russiýa garşy sanksiýalary girizmek üçin “köpçülikleýin ýalan maglumat kampaniýasyny alyp barmakda” aýyplady. 44 ýaşly korrupsiýa garşy göreşiji we rus oppozisiýa lideri Nawalny häzir Berliniň keselhanasynda bejergi alýar. Ol geçen aý Sibirde özüni ýaramaz duýup, hassalyga uçrapdy. German lukmanlary onuň harby nerw agenti bilen zäherlenendigini aýdýarlar. Russiýanyň Daşary işler... Читать дальше...

Lukaşenka häkimiýetde “birneme artykmaç wagt galan bolmagynyň mümkindigini” ýaňzytdy

Azathabar.com 

Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka, habar berlişine görä, 8-nji sentýabrda Russiýanyň telewideniýesinde eden çykyşynda özüniň "[häkimiýetde] birneme artykmaç wagt galan bolmagynyň mümkindigini” ýaňzytdy. Bu waka esasy oppozisiýa guramaçysynyň ýitirim bolmagyna we soňra tussag edilmegine gahar-gazabyň artýan mahaly gabat geldi.



“Erkin Türkmenistan” YouTube kanaly wagtlaýyn ýapyldy

Azathabar.com 

YouTube sosial media platformasy Türkmenistanyň hökümetine garşy tankydy gepleşikleri bilen tanalýan, şeýle-de edebi makalalary, syýasy synlary we şuňa meňzeş mazmunda gaýry maglumatlary efire berýän “Erkin Türkmenistan” kanalyny wagtlaýyn ýapdy. Bu barada kanalyň esaslandyryjysy we ýazyjy Ak Welsapar 8-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda habar berdi.

Owgan wise-prezidenti özüne edilen hüjümden aman galdy

Azathabar.com 

Owganystanyň paýtagty Kabulda birinji wise-prezident Amrulah Salehiň janyna kast etmek synanyşygyna çalym edýän hüjümiň netijesinde, Saleh kiçi ýaralar bilen, sebiti aman terk etmegi başardy. 9-njy sentýabrdaky hüjümde azyndan 10 adam öldi, 15-si hem ýaralandy. Partladyjy serişdäniň ozalky aňtaw başlygyny we onuň ogluny alyp barýan ulag kerweniniň ýolunda ýerleşdirilendigi aýdylýar. Bu Owganystandaky 20 ýyllyk urşy tamamlamaga gönükdirilen göz öňünde tutulan gepleşiklere ynamy gaçyryp we ony... Читать дальше...

Belarus oppozisiýasy Prezidiumyň ýene bir agzasynyň tussag edilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Belarus oppozisiýasynyň öňdebaryjy guramaçylyk toparynyň azatlykdaky soňky bir agzasynyň kärdeşleri Maksim Znak bilen aragatnaşygyň ýitendigini, şeýle-de onuň tussag edilen bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. Bu baradaky aladalar dawaly saýlawlardan bäri bir aýlap geçirilýän köpçülikleýin protestleriň arasynda soňky döwür prezident Aleksandr Lukaşenka ygrarly güýçleriň adam ogurlamaga çalym edýän, şeýle-de ýurtdan zor bilen çykarmak çärelerini güýçlendiren pursadyna gabat geldi. Znakyň egindeşleriniň... Читать дальше...

Wada beriji waksinanyň synagy howpsuzlyk barlaglary sebäpli wagtlaýyn togtadyldy

Azathabar.com 

Farmasewtiki ‘AstraZeteca’ kärhanasy özüniň koronawirusa garşy waksinanyň üstünde alyp barýan synaglarynyň çäklerinde bir meýletinçide näbelli hassalygyň ýüze çykarylmagy bilen, waksinanyň soňky tapgyr barlaglaryny wagtlaýyn togtatdy. ‘AstraZeteca’ kärhanasy bilen Britaniýanyň Oksford uniwersiteti tarapyndan döredilýän waksina COVID-19-a garşy wada beriji waksinalaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. ‘AstraZeteca’ kärhanasynyň 8-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, meýletinçi keselländen soňra... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *