Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Новости за 07.10.2020

ABŞ senatory: Türkmenistan G.Annanyýazowy tussaglykdan azat etmeli

Azathabar.com 

ABŞ-nyň senatory türkmen adam hukuklaryny goraýjy Gulgeldi Annanyýazowyň türkmen türmesine höküm edilmeginiň 12-nji ýyl dönümine ünsi çekip, Türkmenistanyň hökümetiniň ony azat etmelidigini aýtdy. Nýu-Jersiden Demokratik senator Bob Menendez bu barada 6-njy oktýabrda özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.   “Şu gün Türkmenistanda adam hukuklaryny goraýjy Gulgeldi Annanyýazowyň eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilmeginiň 12-nji ýyl dönümi. Türkmenistanyň hökümeti ony şu wagt azat etmeli” diýip, senator Menendez belledi. Читать дальше...

Trampyň ýaranlarynyň birinde COVID-19 ýüze çykaryldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýaranlarynyň ýene birinde koronawirus ýüze çykaryldy. Bu aralykda, 3-nji noýabrda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda iki tarapyňda kampaniýaçalary 7-nji oktýabrdaky wise-prezidentlige dalaşgärleriň arasyndaky debata taýýarlanýarlar. Stifen Miller (Stephen Miller) Trampyň golaý maslahatçylarynyň biri we spiçraýteridir. Onuň netijeleriniň pozitiw çykmagy, wirusyň Ak Tamda Tramp bilen işleşýän adamlaryň arasynda ýaýramagyny dowam etdirýändigine ýene bir nyşan boldy. Читать дальше...

Oşuň ozalky häkimi Gyrgyzystana dolandy, ýurt “howply ýagdaýda” diýdi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanda Oşuň ozalky häkimi Melis Myrzatkamow 7-nji oktýabrda şähere dolandy we dessine öz tarapdarlaryna ýüzlendi. Ol oppozisiýa partiýalarynyň 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda köp sanly bidüzgünçilikleriň we galplyklaryň bolandygyny aýdyp, onuň netijelerine garşy geçiren protestleriniň gazaplylyga ýazmagyndan soňra, häzir Gyrgyzystanyň “juda howply ýagdaýda durandygyny” aýtdy. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, Myrzatkamow gije-ýaryndan soň Türkiýeden Oşuň aeroportuna gonupdyr. Читать дальше...

Nawalny rus oligarhalaryny ÝB-e goýbermezligi hödürledi

Azathabar.com 

Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalny Ýewropa Bileleşiginiň Kremle ýakyn oligarhlara garşy berk çäreleri görmegi, olaryň ÝB-niň çäklerine goýberilmezligini hödürledi. Gadagan edilen Nowiçok toparyna degişli nerw agenti bilen awgustda zäherlenenden soň, häzir Germaniýada bejergi alýan Nawalny Germaniýanyň “Bild” neşirine beren interwýusynda tutuş ýurda garşy girizilýän sanksiýalaryň netije bermeýändigini aýtdy. “Esasy zat bu režimden bähbit görýänlere garşy giriş gadagançylyklaryny girizmeli we olaryň serişdelerini doňdurmaly” diýip... Читать дальше...

Azerbaýjan nebit geçirijiniň nyşana alnandygyny aýdýar; Ermenistan muny ret edýär

Azathabar.com 

Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy jedelli Daglyk-Garabagda azeri we ermeni güýçleriniň arasynda barýan söweşiň fonunda, nebit turbasynyň nyşana alnandygyny aýtdy. Ermenistan bu aýyplamany dessine ret etdi. Raketalar Ýewlah regionynyň üstünden geçýän Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisiniň käbir böleklerine tarap atyldy diýip, Baş prokuratura 6-njy oktýabrda maglumat berdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy mälim etdi. Maglumata görä, Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynyň möhüm bir bölegi bolan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *