Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Новости за 23.10.2020

Pozitiw COVID-19 hadysalarynyň anyklanmagynyň fonunda, Lebapda maska geýmek talaby güýçlendirildi

Azathabar.com 

Lebapda ýerleşýän bir karantin nokadynda saklanýan adamlaryň käbiriniň koronawirus barlagynyň pozitiw netije görkezendigi baradaky habary Azatlygyň ýene bir habarçysy tassyklady. Bu habarlaryň fonunda, ýurtda tassyklanan COVID-19 hadysasy barada habar bermeýän türkmen häkimiýetleri sebitiň ilatyndan maska geýmek talabyny has-da güýçlendirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki habarçysy habar berýär. "Moskwadan gelen raýatlar 3-nji hepde, ýene bir hepde karantinde saklanmaly edildi. Читать дальше...

ABŞ-da Tramp bilen Baýdeniň saýlawdan öňki soňky çekişmesi boldy

Azathabar.com 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda prezidentlige kandidatlar, respublikan prezident Donald Tramp bilen demokrat, öňki wise-prezident Jo Baýdeniň arasynda prezident saýlawyndan öň ikinji we soňky çekişme geçirildi. Iki kandidatyň arasyndaky emosional dawa öwrülen öňki çekişmelerden tapawutlylykda, Donald Tramp we Jo Baýden saýlawçylary gyzyklandyrýan esasy meseleler boýunça öz pozisiýalaryny açyk-aýdyň, anyk beýan etdiler we ýurduň prezidenti wezipesine saýlanmaklary üçin degerli delilleri getirdiler. Читать дальше...

Alyýew garabag ermenileri üçin "medeni özbaşdaklygy" aradan aýyrmady

Azathabar.com 

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Dagly-Garabaga "medeni özbaşdaklyk" bermek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar diýip, TASS Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki AzTV-sine salgylanyp habar berdi. Alyýew AzTV telekanalyna beren interwýusynda adamlaryň "öz ýaşaýan etraplarynda we jemgyýetlerinde belli bir hukuklara eýe bolan" “ösen ýewropa ýurtlaryny” mysal getirdi. Azerbaýjanyň prezidenti haýsy ýurtlaryň kanunlaryny nazarda tutýandygyny anyklaşdyrman, diňe Azerbaýjanyň çäginde ýaşaýan ermenileriň... Читать дальше...

Aklawçy: Snowden Orsýetde möhletsiz ýaşamak rugsadyny aldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (MHG) öňki işgäri Edward Snowden Orsýetde möhletsiz ýaşaýyş rugsadyny aldy. “Interfaks” habar gullugy bu täzeligi onuň aklawçysy Anatoliý Kuçerena salgylanyp habar berdi. Kuçerenanyň sözlerine görä, Snowden 22-nji oktýabrda Orsýetde möhletsiz esasda ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy. Çäklendirilmedik ýaşaýyş rugsadyny almak mümkinçiligi,  aklawçynyň bellemegine görä, Orsýetiň  migrasiýa kanunçylygyna girizilen üýtgeşmelerden soň döredi. Anatoliý Kuçerena ýaşaýyş... Читать дальше...

Marynyň býujet işgärleri pul töläp, teatr oýnuna tomaşa etmäge mejbur edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanda teatrlarda sahnalaşdyrylýan oýunlara býujet işgärleriniň töleg töläp, gatnaşmaga we oňa tomaşa etmäge mejbur edilmegi bilen ýagdaýlar dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri 22-nji oktýabrda irden Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän Kemine adyndaky drama teatrynda spektakl görkezilendigini we oňa býujet işgärleriniň tomaşaçy hökmünde mejbury gatnaşdyrylandygyny habar berýär. "Her döwlet edarasyndan azyndan 3 adam tomaşaçy hökmünde teatra barmaly edildi. Читать дальше...

Emomali Rahmon Duşenbede amerikan generaly Kennet F. Makenzi bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Duşenbede iş sapary bilen gelen amerikan generally, ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň  Merkezi komandowaniýesiniň komandiri Kennet F. Makenzi bilen duşuşdy. Täjigistanyň prezidentiniň metbugat gullugy 22-nji oktýabrda duşuşygyň dowamynda Täjigistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesiniň, hususan-da howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň we Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. Taraplaryň häzirki zamanyň umumy howp-hatarlaryna... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *