Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2023
1
2
3 4 5 6 7 8
9
10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 05.12.2023

Balkanyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar

Azathabar.com 

Balkanda ilatyň bank kartlaryndaky pensiýa we aýlyk haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny nagtlaşdyrmak mümkinçiligi gaýtadan kynlaşýar. Şu günler welaýatyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar. Bu ýagdaý, hususan-da, pensionerlere ýaramaz täsir edýär. Häkimiýetler bankomatlardaky nagt ýetmezçiligini söwda nokatlaryndaky töleg terminallarynda barlag geçirmek arkaly çözmäge çalyşýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji dekabrda sebitden beren maglumatynda bankomatlarda emele gelen nagt ýetmezçiligini... Читать дальше...

Ysraýyl Gaza zolagynyň günorta sebitlerine hüjüm edýär, ABŞ we BMG asuda ilatyň goraglylygyna çagyrýar

Azathabar.com 

Ysraýyl güýçleri Gaza zolagynyň günorta sebitlerinde howa we guryýer hüjümlerini güýçlendirip, onlarça palestinalyny öldüridi we ýaralady. Birleşen Ştatlar we Birleşen Milletler Guramasy gaýta-gaýta ysraýyl güýçlerini asuda ilaty goramaga çagyrdy. Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ýaraşyk gutaraly bäri, adam ýitgileriniň artýandygy barada soralanda, Ysraýylyň iň ýakyn ýarany bolan Birleşen Ştatlar Ysraýylyň asuda ilatyň goraglylygyny üpjün etmekde ýeterlik tagalla edýändigini aýtmak üçin heniz örän ir diýdi. Читать дальше...



Maşklar, dil haty, çykdajy. Türkmenistan Bitaraplyk gününe taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri 12-nji dekabrda bellenýän Bitaraplyk baýramyna taýýarlyk görýärler we muňa tutuş ýurduň ýaşaýjylaryny çekýärler. Gatnaşyjylar saýlanýar we ähli düzgünleri kämil ýerine ýetirmek barada dil hatyny ýazmaly bolýar. Bitaraplyk güni geçiriljek harby parada taýýarlanmak üçin Balkan welaýatyndan müňden gowrak adam ugradyldy. Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysynyň maglumatyna görä, olaryň arasynda harbylar, harby okuw jaýlarynyň studentleri we döwlet-edara kärhanalaryň işgärleri bar. Читать дальше...

Nyýazow adyndaky hassahanada näsaglaryň hossarlaryndan yzygiderli nahar getirmek ‘talap edilýär’

Azathabar.com 

Aşgabadyň Nyýazowyň adyny göterýän meşhur şäher hassahanasynda şertleriň we hyzmatlaryň ýaramazdygy barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hassahananyň intensiw bejergi bölümindäki näsaglaryň hossarlary lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň özlerinden yzygiderli nahar getirmegi soraýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada ençeme näsagyň hossarlary Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdiler. “Olar günüň dowamynda iki-üç gezek nahar getirmegi soraýarlar. Her gezek reanimasiýa bölüminiň gapysyny kakanyňda... Читать дальше...

Gyş paslyna garamazdan, Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden pul toplanýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň administratiw merkezindäki döwlet edara-kärhanalary, gyş möwsüminiň ilkinji günlerinde, Awaza dynç alyş zolagyndaky myhmanhanalara ýollanma satyn almak üçin, öz işgärlerinden 50-60 manat aralygynda pul toplaýar. “Býujet işgärleri gyş paslynda Awazadaky myhmanhanalara ýollanma satyn alynmagyna goşant goşmaga mejbur edilýärler. Edara-kärhanalarda her bir işgärden 50-60 manat aralygynda pul toplanýar. Ýöne işgärler gyş paslynda Awaza gidip, dynç almaga isleg bildirmeýär” diýip, türkmenabatly... Читать дальше...

“Arkadag” möhletinden öň Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony boldy

Azathabar.com 

Şu ýylyň aprelinde täze esaslandyrylan “Arkadag” atly futbol kluby Türkmenistanyň çempionatynda tapgyr 20-nji utuşyny gazanyp, möhletinden öň ýurduň çempiony boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol boýunça federasiýasynyň saýtynda bellenilýär. Maglumata görä, geçirilen duşuşyklardan soň 60 utuk toplan “Arkadag” topary bu ada çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda eýe boldy. Ikinji orny eýeleýän “Altyn Asyr” toparynyň häzirki toplan 44 utugy bilen birinji orna bolan mümkinçiligini ýitirendigini hem bellenilýär. Читать дальше...

HRW Özbegistanda meşhur bloggeriň 8.5 ýyl tussaglyga höküm edilmegini ýazgardy

Azathabar.com 

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy Özbegistanda meşhur blogger Olimjon Haýdarowyň 8.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy. Haýdarow gorkuzyp pul almakda we töhmetde günäli tapyldy. Ol iýulyň aýagynda tussag edilipdi. 1-nji dekabrda Fergananyň sudy oňa tussaglyk hökümini çykardy. Haýdarow özüne bildirilen aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret etdi. “Haýdarowy sekiz ýyl türmä höküm etmek baradaky suduň karary, şol sanda pikiriňi beýan... Читать дальше...

Ýerewan Azerbaýjan bilen serhetde bir esgeriň öldürilendigini aýdýar. Baku muny ret edýär

Azathabar.com 

Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjan bilen dartgynly serhetde bir ermeni esgeriniň atylyp öldürilendigini aýdýar. Ýerewan muny ok atyşyklary bes etmek ylalaşygynyň bozulmagy hökmünde häsiýetlendirýär. Ministrlik hadysanyň 4-nji dekabrda Bardzruni obasynyň golaýynda ýerli wagt bilen sagat 14:35 töwereginde ýüze çykandygyny belleýär. Bardzruniniň häkimi Arsen Aleksaniýanyň Azatlygyň Ermeni gullugyna aýtmagyna görä, oklar serhetdäki Ermenistanyň pozisiýasyna tarap atylypdyr, şeýle-de onuň sesi obada eşidilipdir. Читать дальше...

Putin BAE we Saud Arabystanyna sapar etmegi meýilleşdirýär – rus mediasy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu hepdäniň dowamynda Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna sapar eder diýip, rus media serişdeleri 4-nji dekabrda habar berdiler. Putin bu iki ýurda amala aşyrjak iş saparynyň çäginde Saudlaryň täç geýdirilen şazadasy Muhammad bin Salman bilen hem gepleşikleri geçirer. Bu barada Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Tass we Ria Nowosti gulluklary mälim edýär. Bu günler Birleşen Arap Emirliklerinde BMG-niň Klimatyň üýtgemegi boýunça konferensiýasy geçýär. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *