Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2023
1
2
3 4 5 6 7 8
9
10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 06.12.2023

Baýramalyda hojalygynda pagta ýagyny satýan raýatlara garşy reýd geçirilýär

Azathabar.com 

Marynyň Baýramaly etrabynda häkimiýetler hojalygynda pagta ýagyny satýan raýatlara garşy göreşýärler. Etrap polisiýa bölüminiň işgärleri saklanan raýatlary “döwlet dükanlarynda ýag gytçylygyna sebäp bolmakda” aýyplaýarlar. Türme tussaglygy bilen gorkuzylýan raýatlaryň köpüsi para bermäge mejbur edilýär. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada 6-njy dekabrda sebitden maglumat beren habarçylary polisiýa işgärleriniň geçen hepdäniň ahyrynda reýd geçirip başlandygyny aýdýarlar. “Häzir jenaýat agtaryş gulluklary öýlere reýd geçirip... Читать дальше...

ABŞ senatory täjik prezidentini “repressiýalary dessine bes etmäge” çagyrýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ben Kardin täjik prezidenti Emomali Rahmony Täjigistandaky parahatçylykly demonstrantlara, jemgyýetçilik liderlerine, žurnalistlere we aktiwistlere edilýän basyşlary, şeýle-de “transmilli repressiýalaryň ähli görnüşlerini” “dessine bes etmäge” çagyrdy. 5-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda senator Kardin “eden-etdilikli ýagdaýda tussaglyklar, adalat prosessiniň ýoýulmagy, galyberse-de žurnalistleriň, syýasy dissidentleriň... Читать дальше...

Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň şaly meýdanlaryndaky hasylyň doly ýygnalmagynyň yz ýany, ekerançylyk meýdanlarynda sürüm işleriniň geçirilmegine garaşylýar. Şalyçy daýhanlar sürüm işlerine degişli tehnikalaryň, sürüm traktorlarynyň ýetmezçilik edýändigini, bar bolan oba hojalyk tehnikalarynyň daýhanlaryň girdejileriniň hasabyna abatlanýandygyny aýdýarlar. “Daýhanlar şalydan boşan ýerleriň sürüm işleri bilen baglylykda oba hojalyk tehnikalarynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Sürüm işleri öz wagtynda alnyp barylmaýar” diýip... Читать дальше...

Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”

Azathabar.com 

Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda we söwda nokatlarynda, dört aý arakesmeden soň, bitin towuk eti peýda boldy. Emma olaryň köpüsinde alyjylara towuk satylmaýar. Dükan satyjylarynyň ençemesi bularyň satlyga däl-de, diňe barlagçylara “towuk bolçulygyny” görkezmek üçin goýlandygyny aýdýar. Towugy satuwa çykaran käbir söwda nokatlarynda bolsa, nobata duranlaryň sany ýüzlerçe adama ýetýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy dekabrda paýtagtdan maglumat berdi. “Hojow Annadurdyýew... Читать дальше...

Gyrgyz prezidenti, protestlerden soň, täze salgyt ulgamyny yza süýşürdi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanda öňümizdäki ýyldan başlap bazarlardaky söwdagärlere girizilmegi göz öňünde tutulýan täze salgyt düzgünlerine garşy dowam edýän protestleriň arasynda, gyrgyz prezidenti täze taslamany alty aý möhlet bilen yza süýşürdi. 5-nji dekabrda prezident Sadyr Japarow bu kararyny ýurduň Salgyt gullugynyň täze düzgünlere “taýýarsyzlygy” bilen düşündirdi. 30-njy noýabrdan bäri, Gyrgyzystanyň dürli künjeklerinde müňlerçe söwdagär häzirki salgyt düzgünleriniň saklanyp galmagy ugrunda protest geçirýärler. Читать дальше...

Eýran protestçilere garşy jynsy zorluklary ulandy – AI

Azathabar.com 

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri geçen ýylyň sentýabrynda “Aýallar, Durmuş, Azatlyk” şygary bilen ýurt boýunça geçirilen demonstrasiýalarda saklanan protestçileriň howuny basmak üçin, jynsy zorluklary we beýleki kemsidiji çäreleri ulandy. Bu barada 6-njy dekabrda “Amnesty International” guramasy täze hasabatynda mälim etdi. 120 sahypadan ybarat hasabat aman galan 45 pidanyň görkezmeleri esasynda düzüldi. Onda jynsy zorluklaryň, munuň üçin hiç hili jogapkärçilige çekilmezden, aýallara, erkeklere we çagalara garşy amal edilendigi bellenilýär. Читать дальше...

Rumyniýa gyzamyk epidemiýasyny yglan etdi

Azathabar.com 

Rumyniýanyň Saglyk ministrligi ýurt derejesinde gyzamyk epidemiýasyny yglan etdi. Bu ýurtda soňky wagt gyzamyga duçar bolýanlaryň sanynyň howatyr dörediji derejede artmagynyň arasynda bolup geçýär. “Ministrlik 9-11 ýaşyndaky çagalara waksina urmak, şeýle-de muny etdirmedik uly ýaşly çagalary waksinirlemek tagallalaryny ilerletmek üçin, ýurt derejesinde epidemiýa yglan edýär” diýip, 5-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda aýdylýar. Maglumata görä, Rumyniýada gyzamyga ýolugan täze 2 müň ýagdaý hasaba alnypdyr.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *