Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2024
1
2
3 4 5 6 7 8
9
10
11 12 13 14 15
16
17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29
30

Новости за 25.11.2024

Banklarda göterim tölegleriniň geçirilmeginde “gümürtik” ýagdaýlar ýüze çykýar

Azathabar.com 

Aşgabatdaky döwlet täjirçilik banklarynda her aýda kredit karzlarynyň göterimini yzygiderli geçirýän raýatlara käbir aýlaryň tölegleriniň geçirilmändiginiň aýdylmagy bilen bagly wakalar ýüze çykýar. Munuň bilen bir wagtda, kredit karzlarynyň göteriminiň geçirilendigi baradaky kwitansiýalarda resmi ýazgylaryň öz-özünden öçüp galmagy bilen ýagdaýlar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi. “Men ýakynda bankdan alan pul karzymyň noýabr aýy üçin göterimini tölemäge bardym. Читать дальше...

Balkanda emeli bolçulyk döredilip, iňlis dilli mugallymlar bazarlara wagtlaýyn satyjy bellendi

Azathabar.com 

Günbatar ýurtlarynyň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň bazarlara aýlanyp görmek ähtimallygyndan howatyr edip, Balkanda häkimiýetler geçen hepdäniň dowamynda iňlis dili mugallymlaryny bazarlara satyjy hökmünde bellediler, şeýle-de söwda tekjelerinde emeli azyk bolçulygyny döretdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Azatlyk Radiosy Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Facebook sahypasyna salgylanyp, 22-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky... Читать дальше...

Türkmenistan Gazagystandan alýan ýeralmasyny köpeldýär

Azathabar.com 

Gazagystan türkmen bazaryna edýän ýeralma eksportyny 5 esse artdyrdy diýip, “Türkmenportal” Gazagystanyň Statistika edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Resmi maglumata görä, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 17,5 müň tonna gazak ýeralmasyny import edipdir. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 esse köp gazak ýeralmasynyň import edilendigini görkezýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ýurtdan bu ýeralma satyn almakda Özbegistandan (252,3 müň tonna)... Читать дальше...

Protestçiler Gürjüstanyň parlament binasyna ýumurtga zyňdylar

Azathabar.com 

Moskwa bilen dostluk aragatnaşygynda bolan “Gürjüstan arzuwy” partiýasy geçen aý geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanaly bäri Gürjüstanyň täze parlamenti ilkinji mejlisine ýygnanyp, ses berişligiň galplaşdyrylandygy baradaky aýyplamalaryň arasynda, täze ses berişligiň geçirilmegi baradaky çagyryşlary güýçlendirdi. Protestçiler parlament binasyna ýumurtga zyňdylar. Oppozisiýadaky kanun çykaryjylar 25-nji noýabrda geçirilýän ilkinji sessiýany boýkot etdiler we, daşary ýurt diplomatlaryny ilkinji mejlise gatnaşyp... Читать дальше...

Maryda günebakar ýagynyň çäkli satuwy ýola goýuldy, Lebapda ilatyň nägileligi “artýar”

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilata bazar nyrhyndan arzan satylýan ösümlik ýagynyň üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler saklanyp galýar. Mary welaýatynda günebakar ýagy ilata çäkli möçberde satylýar. Lebap welaýatynda bolsa, ýag gytçylygynyň fonunda, hökümete tarapdar neşirde azyk önümleriniň arzanlandygy barada çap edilýän maglumatlar, ilat arasyndaky nägileligi güýçlendirýär. “Anna gününden, ýagny 22-nji sentýabrdan başlap Mary şäherinde her adam başyna bir guty günebakar ýagy satylyp başlandy. Bahasy 18 manat bolan ýag ýük ulagynda getirilip... Читать дальше...

Hemra suratlary türkmen, ABŞ ýataklaryndan, aýdylyşyna garanda, has kän metan syzýandygyny görkezýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasy (EDF) MethaneSAT hemrasy arkaly düşürilen ilkinji suratlary çap etdi, olarda ABŞ-nyň, Türkmenistanyň we Wenesuelanyň esasy ýangyç ýataklaryndan howa ýaýraýan metan zyňyndylary görkezilýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” bu habary Täze Zelandiýanyň radiosynyň 21-nji noýabrda beren maglumatyna salgylanyp çap etdi. Alnan maglumatlar nebit we gaz ýataklarynyň eýeleriniň resmi taýdan yglan eden mukdarlaryna garanda has köp metan gazynyň syzýandygyny we howa ýaýraýandygyny görkezýär. Читать дальше...

Hukuk toparlary, ýerli ýaşaýjylar hukuk goragçysynyň zor bilen hassahana ýerleşdirilmegini ýazgarýar

Azathabar.com 

Tanymal hukuk goragçysy, weteran žurnalist Soltan Açylowanyň ýolunyň baglanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirilmegi hukuk toparlary we ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýazgarylýar. “Serdar Berdimuhamedow ýaş, täze pikirli, ösen we giň dünýägaraýyşly prezident diýsek, ol hem kakasynyň stalinçilik we sem etme syýasatyndan el çekip bilmäne meňzeýär, ýogsa kynmy gartaşan habarçy zenana edilýän zulumlary we basyşlary bes etmek?” diýip, garagumly daýhan zenan Mähri aýdýar. “Türkmenistanyň häkimiýetleri... Читать дальше...

Ak tam BAE-de Ysraýyl-Moldowan ruhanysynyň öldürilmegini ýazgarýar

Azathabar.com 

Ak tam Birleşen Arap Emirliklerinde bir Ysraýyl-Moldowan ruhanysynyň öldürilmegini ýazgardy, Ysraýyl bu hüjümi anti-semit "terror hüjümi" diýip atlandyrdy. "Bu parahatçylygyň, çydamlylygyň we bilelikde ýaşamagyň tarapdarlarynyň ählisine garşy edilen aýylganç jenaýat boldy. Şeýle-de, bu Birleşen Arap Emirliklerine, onuň zorlukly ekstremizmi ret etmegine garşy edilen hüjüm boldy" diýip, Ak tam 24-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy. Ýerli häkimiýetler birnäçe sagat öň Birleşen Arap Emirliklerinde... Читать дальше...

Türk kompaniýalarynyň türkmen energiýa taslamalaryna gatnaşmagy maslahatlaşylýar

Azathabar.com 

Şenbe güni, Stambul energetika forumynyň çäklerinde, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, taraplar Türkiýäniň BOTAS we TPAO döwlet kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz ýataklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine seretdiler. Şeýle-de, olar nebit-gaz ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, türkmen... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *