Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2024
1
2
3 4 5 6 7 8
9
10
11 12 13 14 15
16
17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29
30

Новости за 26.11.2024

Diňle: Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär

Azathabar.com 

Günbatar Balkan welaýatynyň çäginden geçýän içerki gaz geçirijilerde gaz syzmalary hasaba alynýar, “lagar düşüp, sandan çykyp barýan turbalar” bejeriş işlerine mätäç diýip, gaz üpjünçilik edarasynyň bir hünärmeni aýdýar. Ýerli ilat gaz üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyndan şikaýat edýär.

Uly Berdimuhamedow 61-nji kitabyny çap etdi – metbugat

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji noýabrda iş maslahatyny geçirip, zähmet rugsadynda, dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny aýtdy. Habarda aýdylmagyna görä, öňki prezident “kän oýlanyp, ...toplan maglumatlaryny kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlapdyr". Berdimuhamedow täze kitabyny “Hakyda göwheri” diýip atlandyrypdyr. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşirinyň hasabyna görä, bu öňki prezidentiň 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen... Читать дальше...

Türkmen, owgan resmileri TOPH taslamasy üçin port taslamasyny maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli bölümleriniň wekilleriniň Serhetabat şäherinde bolan duşuşygynda wagtlaýyn port gurmagyň maslahaty edildi diýip, “Türkmenportal”  Owganystanyň Magdan we Nebit ministrligine salgylanyp habar berýär. Habarda aýdylmagyna görä, türkmen-owgan serhedindäki “Islim-Çeşmede” wagtlaýyn guruljak port TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur enjamlary we turbalary daşamak üçin ulanylar. Duşuşyga gatnaşanlar wagtlaýyn portuň tehniki taraplaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar... Читать дальше...

On aýda Özbegistana 90 müňe golaý türkmenistanly söwda, täjirçilik saparyna bardy

Azathabar.com 

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlularyň üçden iki bölegi türkmenistanlylar boldy diýip, “Türkmenportal” Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp habar berdi. Resmi maglumata görä, bu döwürde Özbegistana 133,1 müň daşary ýurtly, täjirçilik we söwda maksatlary bilen, sapara barypdyr. Bu ýurda sapar edenleriň  66,7 göterimi (88,9 müň adam) Türkmenistanyň raýatlarynyň paýyna düşýär. Hökümetçi neşir goňşy... Читать дальше...

Eýran nädip ruhy hassalykdan repressiýa guraly hökmünde peýdalanýar

Azathabar.com 

Awtokratik döwletler tankytçylary abraýdan gaçyryp, olary tussag etmekde öňden bäri ruhy hassalyk aýyplamalaryndan peýdalanyp gelýär. Eýranda häkimiýetler ýurduň yslam ulgamynyň möhüm sütüni bolan hijap kanunyny bozýan aýallary barha köp psihologik taýdan durnuksyz adam hökmünde tagmalap başlady. Bu çäreler Eýranyň ulamalar häkimiýetine garşy ozal görlüp-eşidilmedik derejelere baryp ýeten protestlere, şeýle-de has giň syýasy we sosial erkinliklere barha köp çagyryş edilýän wagtlara gabat gelýär. Читать дальше...



Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär

Azathabar.com 

Günbatar Balkan welaýatynyň çäginden geçýän içerki gaz geçirijilerde gaz syzmalary hasaba alynýar, “lagar düşüp, sandan çykyp barýan turbalar” bejeriş işlerine mätäç diýip, gaz üpjünçilik edarasynyň bir hünärmeni aýdýar. Ýerli ilat gaz üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyndan şikaýat edýär. Welaýatyň ilatly ýerlerinde, şol sanda Türkmenbaşy etrabynyň şäherçelerinde tebigy gazyň basyşy soňky bir hepdeden gowrak wagtyň dowamynda ymykly peseldi. Sebit ýaşaýjylary Türkmenbaşynyň etrap merkezinde... Читать дальше...

Türkmen lideri ABŞ senatory bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji noýabrda ABŞ Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, senator (Montana ştatyndan) Stiw Deýnsi kabul etdi. “Watan” habarlar programmasy bu duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlarynyň arasynda, hususan-da, söwda, maýa goýum we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi. Читать дальше...

Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda demir ýol ulgamyndaky problemalaryň ýitileşýändigi, onuň tehniki üpjünçilik ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy göze dürtülýär. Bu ýagdaý, raýatlaryň hem barha köp ünsüni özüne çekýär. Olar sosial torlarda demir ýollaryň howply bölekleriniň suratlaryny paýlaşyp, bu ýagdaýlara alada bildirýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 26-njy noýabrda Aşgabatdan beren maglumatyna görä, bu suratlaryň arasynda demir ýoluň çat açan ýa-da onuň ýokarsyndaky galyň demir örtükleriň ýukalyp, bölünendigini görkezýän şekiller bar. Читать дальше...

Ysraýylyň ABŞ-daky ilçisi Hezbulla ylalaşygynyň golaýdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Ysraýylyň Waşingtondaky ilçisi Ysraýyl bilen düýbi Liwanda ýerleşýän Hezbulla söweşiji toparynyň arasynda atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň “birnäçe gün içinde” gazanylmagynyň mümkindigini aýtdy. Hezbullah ABŞ tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen topar bolup, onuň harby ganaty Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gara sanawa girizildi. Ilçi Maýk Herzog 25-nji noýabrda Ysraýylyň goşun radiosyna bu meselede çözülmeli birnäçe meseläniň galandygyny aýtdy we islendik şertnamanyň hökümet bilen ylalaşylmagyny talap edýändigini sözüne goşdy. Читать дальше...

BAE-de saklanan üç özbek Ysraýyl-Moldowan ruhanysynyň öldürilmeginde güman edilýär

Azathabar.com 

Birleşen Arap Emirlikleri 25-nji noýabrda 28 ýaşly ysraýyl-moldowan prawoslaw ruhanysynyň öldürilmeginde güman edilip saklanan üç adamyň özbek raýatlary bolandygyny mälim etdi. Güman edilýänler bir gün öň, howpsuzlyk gulluklary Dubaýdaky Koşer dükanyna ýolbaşçylyk edýän we prawoslaw ýewreýleriň "Çabad" toparynyň wekili Zwi Koganyň jesedini tapanlaryndan soň tussag edildi. BAE häkimiýetleri güman edilýänleri 28 ýaşyndaky Mahmudjon Abdurahim, 28 ýaşyndaky Olimboý Tohirowiç we 33 ýaşly Azizbek Kamilowiç diýip tanatdy. Читать дальше...

Özbegistanyň howpsuzlyk güýçlerinde "arassalaýyş". Mirziýoýew ýokary derejeli resmileriň birnäçesini wezipesinden boşatdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) başlygy Abdusalom Azizow 23-nji noýabrda wezipesinden boşadylandan soň, täze wezipä bellenmändir. Bu barada prezident Şawkat Mirziýoýewiň metbugat sekretary Şerzod Asadow mälim etdi. Şol aralykda, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleri Azizowdan başga-da, hökümetden, DHG-den we Içeri işler ministrliginden, azyndan bäş sany ýokary wezipeleri eýeleýän gullukçynyň işinden boşadylandygyny habar berdiler. DHG-niň ozalky başlygy "işgärler rezerwine” geçirilipdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *