Basdaş ýurtlar bolan Serbiýa we Kosowa Waşingtonda, ABŞ-nyň araçylyk eden iki günlük gepleşiklerinden soň, ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada ylalaşyga geldi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 4-nji sentýabrda Balkan sebitiniň iki lideri bilen duşuşmazdan ozal, bu ylalaşygy "hakykatdan taryhy şertnama" diýip häsiýetlendirdi.
“Zorlukly we pajygaly taryhdan we ençeme ýyllap dowam eden şowsuz gepleşiklerden soň, meniň administrasiýam bölünişigi ýeňip geçmegiň täze usulyny teklip etdi. Iki ýurt iş orunlaryny döretmeklige we ykdysady ösüşe ünsi jemläp, uly üstünlik gazandy” diýip, Tramp ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çeken iki lideriň, serb prezidenti Aleksandr Wuçiçiň we Kosowanyň premýer-ministri Awdullah Hotiniň gapdalynda durup aýtdy.
Wuçiç "üçünji tarap" bolan Kosowa hiç hili ykrarnama berilmeýändigini ýaňzydyp, Serbiýa ABŞ bilen ikitaraplaýyn şertnama baglaşdy diýdi. "Biz özümiziň ähli problemamyzy çözmedik. Bu ýerde entegem ylalaşmazlyklar bar” diýip, ol aýtdy.
Ýöne ol Kosowa bilen bitewi ykdysady zonanyň bolmagynyň “öňe tarap ädilen uly ädimdigini” boýun aldy.
Hoti hem ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny "öňe ädilen uly ädim" diýip häsiýetlendirdi we iki lideriň bilelikde işlemäge ygrarlydygyny aýtdy. Ylalaşyk iki tarapy söwda nyrhlaryny arzanlatmak, energiýa we suw baýlyklaryny paýlaşmak ýaly ykdysady çärelere gönükdirýär.
Массовыми патриотическими акциями отметили День России на заводах АО "Желдорреммаш"
Уссурийский ЛРЗ подтвердил соответствие международным стандартам, применяемым на производстве железнодорожной промышленности
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде
Золотые часы от Министерства обороны за вклад в развитие Кадетского движения России!
Массовыми патриотическими акциями отметили День России на заводах АО "Желдорреммаш"
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде
Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!
Уссурийский ЛРЗ подтвердил соответствие международным стандартам, применяемым на производстве железнодорожной промышленности
Массовыми патриотическими акциями отметили День России на заводах АО "Желдорреммаш"
В Бурятском театре оперы и балета прошел концерт Союза композиторов Бурятии
Ресурсный центр на V Общероссийской конференции «Устойчивое развитие этнокультурного сектора» объединил национально-культурные инициативы из разных регионов России