Russiýa Nawalnynyň işi boýunça “köpçülikleýin ýalan maglumat kampaniýasynyň” alnyp barylýandygyny aýdýar
44 ýaşly korrupsiýa garşy göreşiji we rus oppozisiýa lideri Nawalny häzir Berliniň keselhanasynda bejergi alýar. Ol geçen aý Sibirde özüni ýaramaz duýup, hassalyga uçrapdy. German lukmanlary onuň harby nerw agenti bilen zäherlenendigini aýdýarlar.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda “german resmileriniň konstruktiw däl çemeleşmeginiň” arasynda “Russiýa garşy esassyz hüjümleriň dowam etdirilýändigi” aýdylýar.
German lukmanlary şu hepde testleriň Nawalnynyň “Nowiçok” toparyna degişli nerw agenti bilen zäherlenendigini görkezendigini mälim edenden soňra, Russiýanyň bu ýagdaýlary derňemegi boýunça halkara derejesinde çagyryşlar edildi.
