Dagly-Garabagdaky ýaraşyk güýje girdi, emma atyşyklar dowam edýär
Orsýetiň ýokary derejeli diplomaty Azerbaýjan bilen Ermenistanyň Dagly-Garabag üstündäki söweşi bes etmegi maksat edinýän ýaraşyk we “düýpli” parahatçylyk gepleşiklerine razylyk berendiklerini aýtdy.
Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu maglumaty 10-njy oktýabrda, Lawrow bilen Günorta Kawkazyň iki ýurdunyň daşary işler ministrleriniň arasynda 12 sagat dowam eden gepleşiklerden soň yglan etdi.
Atyşygy bes etmek 10-njy oktýabrda, sagat 12-de güýje girer diýip, Lawrow aýtdy we munuň Dagly-Garabagda we onuň töwereginde soňky iki hepdäniň dowamynda bolan çaknyşyklarda ölen adamlaryň jesetleriniň we tussaglaryň alyş-çalyş edilmegine ýol açjakdygyny belledi.
Emma günortan sagat 12-den soň hem atyşyklar dowam etdirildi we taraplar biri-birini günäleýär.
Söweşde ýüzlerçe esgeriň we sany bilinmeýän asuda adamlaryň ölendigi aýdylýar.
Halkara Gyzyl Haç komiteti gepleşiklerde araçy bolar diýip, ol aýtdy.
Taraplar bu gepleşikleriň “gysga wagtda parahatçylykly çözgüt tapmak maksady bilen geçirilen düýpli gepleşik” boljakdygyny aýdýarlar.
Ermenistan ýa-da Azerbaýjan tarapyndan bada-bat haýsydyr bir plan ýa-da tassyklama yglan edilmedi.
Biraz öň, daşary işler ministrleri Moskwadaky gepleşiklerine başlanda, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Ermenistana konflikti parahatçylykly çözmek üçin "soňky mümkinçiligi" berýändigini aýtdy.
Dagly-Garabag halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edildi. Emma bu sebit 1994-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen başlanan separatistik söweşiň togtadylmagyna getiren ýaraşyk ylalaşygyndan bäri Ýerewan tarapyndan goldanýan etniki ermeni güýçleriniň gözegçiligi astynda galýar.
Şondan bäri Dagly-Garabagda etniki ermeniler ýaşaýar, ýüzlerçe müň azerbaýjanly bolsa, uruş sebäpli, içerki bosgunlar hökmünde gaçyp çykmaga mejbur boldy.