Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

COVID-19: Hytaý port şäheriň 9 million ilatyny testden geçirýär

0
Hytaýda resmiler ýurduň gündogaryndaky Kingdao port şäheriniň ähli 9 million ilatyny koronawirus testinden geçirmegi planlaşdyrýarlar. Bu iki aý arakesmeden soňra, ýurtda COVID-19 bilen bagly ilkinji ýagdaýyň ýüze çykarylmagynyň arasynda bolup geçýär.


Hytaýda wirus ilki Wuhan şäherinde ýüze çykarylanyndan, pandemiýanyň başky döwürlerinden bäri, wirusa ýolugýanlaryň gündelik sany göz-görtele azalypdy.  


Hytaý awgustdan bäri ýurduň öz içinde wirus bilen kesellänleriň täze ýagdaýlary barada maglumat bermändi. Emma halkara ekspertleri Hytaýyň tassyklanan we alamatlary bolmadyk ýagdaýlary biri-birinden aýry hasaba almak usulyýetine tankydy garaýarlar.


Hytaý 12-nji oktýabrda Kingdao şäherinde wirusyň 12 ýagdaýynyň ýüze çykarylandygyny mälim etdi.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *