Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

ABŞ, Hytaý prezidentleri söwda tariflerini galdyrmazlyk ylalaşygyna geldi

0
Ak tam ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň hytaýly kärdeşi Si Jinpingiň öz aralarynda barha güýçlenýän söwda urşuny 90 günlük togtadyp, dünýäniň iki sany iň uly ykdysadyýetiniň arasyndaky dawanyň mundan aňryk ilerlemeginiň öňüni almaga çalyşmak hakynda bir pikire gelendiklerini aýdýar.


Ak tamyň 1-nji dekabrdaky beýanatynda Waşingtonyň ýanwarda hytaý harytlaryna goýlan tarifleri ýokarlandyrmazlyga razy bolandygy hem aýdylýar.


Ýöne hytaý harytlaryna golaýda girizilen we 200 milliard ABŞ dollaryna barabar  bolan 10 prosentlik tarif ýokarlanmasy üýtgewsiz galar diýip, beýanatda bellenilýär.


Hytaýyň söwda ministriniň orunbasary Wang Şouwen hem iki lideriň beýleki harytlara täze tarifleri girizmezlik barada ylalaşandyklaryny aýtdy.


Bu ylalaşyklar iki lideriň Argentinada, 20-ler sammiti mahalynda nahar başynda geçiren iki sagatlyk gepleşiklerinden soň belli boldy.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *