Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 07.12.2018

Ukraina Orsýeti Kerç aýlagyny gabawda saklamakda aýylady

Azathabar.com 

7-nji dekabrda Ukraina Orsýeti Gara we Azow deňizlerini baglanyşdyrýan Kerç aýlagyny gabawda saklamakda aýyplap, tiz wagtda aýlaga harby deňiz gämilerini iberjegini duýdurdy.  Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň eden bu duýduryşynyň regionda ikinji harby jedeliň döremegine ýol açmagy ähtimal. 25-nji noýabrda Orsýet Ukrainanyň üç sany harby gämisini we 24 sany harby gullukçysyny tussag etdi.  Ukrainanyň serhet gullugynyň 7-nji dekabrda aýtmagyna görä, Orsýetiň jikme-jik geçirýän barlaglary we döredýän... Читать дальше...

Orsýet Türkmenistandan goşa raýatlygyny alan adamlaryň ykbaly barada maglumata garaşýar

Azathabar.com 

Orsýet Türkmenistandan türkmen-rus goşa raýatlygyna eýe bolan adamlaryň ykbaly barada gysga wagtda maglumata garaşýar. Bu barada 7-nji dekabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa salgylanyp, Interfaks agentligi habar berdi.  Maglumatda Orsýet tarapynyň garaşýan maglumatlarynyň ylalaşygyň denonsasiýa, ýagny düzgün esasynda güýje girizilmeginden öň öz statusyny kesgitledip ýetişmedik adamlaryň ykbalyna degişlidigi aýdylýar. "Bizi türkmen partnýorlary bu meseleleri çözjekdikleri barada iň ýokary derejede ynandyrdylar. Читать дальше...

Azerbaýjan Transhazar boýunça türkmen tarapynyň tekliplerine seretmäge taýýar

Azathabar.com 

Azerbaýjan türkmen tarapynyň Transhazar gaz geçiriji proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň çäginde energiýa resurslarynyň tranzitiniň guramaçylygyna degişli tekliplerine seretmäge taýýar. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowyň aýdandygyny Neftegaz.ru neşri 6-njy dekabrda habar berdi. Maglumata görä, Halafow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen türkmen gazynyň Ýewropa akdyrmak mümkinçilikleri barada geçirýän gepleşiklerini kommentirläpdir.  "Eger türkmen tarapy takyk teklipler bilen çykyş etse... Читать дальше...

ABŞ Kosowonyň goşun döretmek planyny goldaýar 

Azathabar.com 

ABŞ Kosowonyň goşun döretmek boýunça hereketlerini goldady we muňa garşy çykyş edýänleri köşeşdirmäge synanyşyp, bu prosesiň "köp ýyllara çekjekdigini" belledi.  ABŞ-nyň Pristinadaky ilçisi Filip S. Kosnettiň 6-njy dekabrda RTK telewideniýesinde eden çykyşy Kosowonyň parlamentiniň ýeňil ýaraglanan howpsuzlyk güýçlerini goşuna öwürmek boýunça planlaşdyran ses berişliginden sekiz gün öňüsyrasyna gabat geldi. ABŞ-nyň bu karary NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň Kosowonyň planlarynyň "biwagtdygyny"... Читать дальше...

ABŞ: Orsýet 'Nowator' raketa sistemasyny ýok etmeli ýa-da täzelemeli

Azathabar.com 

ABŞ Orsýetiň orta aralyga niýetlenen ýadro ýaraglar baradaky ylalaşygy (INF) berjaý etmek we bu Sowuk urşy döwründe baglaylan ylalaşykdan ABŞ-nyň çykmagynyň öňüni almak üçin Nowator 9M729 kysymly raketa sistemasyny ýok etmelidigini ýa-da olaryň sanyny azaltmalydygyny aýdýar.  Döwlet sekretaryň ýaraglara gözegçilik we halkara howpsuzlygy boýunça orunbasarynyň 6-njy dekabrda žurnalistlere aýtmagyna görä, ýarag sistemasynyň möçberi 1987-nji ýylda baglaşylan INF paktyna gabat gelmeýär. Moskwa Orsýetiň... Читать дальше...

Tramp ABŞ-nyň BMG-däki indiki ilçisi wezipesine Ak Tamyň sözçüsini saýlady 

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň BMG-däki indiki ilçisi wezipesine Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauerti saýlady.  6-njy dekabrda çap bolan media maglumatlaryna görä, ABC we "Fox News" telekompaniýalarynyň öňki alyp baryjysy we habarçysy Nauert ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi wezipesini ýylyň aýagyna çenli terk etjegini oktýabrda yglan eden Nikki Haleýiň ornuna geçer. Trampyň öz kararyny 7-nji dekabrda irden Tweeter arkaly mälim edendigini "Fox News" habar berdi. Şeýle-de, Nauertiň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *