Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 27.12.2018

Hytaýyň Karaçidäki konsulhanasyna edilen hüjümiň esasy guramaçysynyň ölendigi aýdylýar

Azathabar.com 

Geçen aý Pakistanyň separatist topary tarapyndan Hytaýyň Karaçi şäherindäki konsulhanasyna edilen hüjümiň esasy guramaçysy öldi diýip, topar aýdýar. Pakistanyň resursa baý Bulujystan sebitiniň garaşsyzlygy ugrunda göreşýän “Bulujystan azat ediş armiýasynyň” (BLA) 26-njy dekabrda ýaýradan beýanatyna görä, toparyň liderleriniň biri bolan Aslam Baloç öldürildi. “BLA-nyň möhüm komandiri Aslam Baloç özüniň başga-da bäş ýarany bilen bilelikde 24-nji dekabrda duşman hüjüminde şehit boldy” diýip, separatist... Читать дальше...

Polisiýa ofiserleri paýtagtda ýumurtga söwdasyna gözegçilik edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda polisiýa ofiserleri Täze Ýyl baýramynyň öňüsyrasynda azyk önümleriniň söwdasyna berk gözegçiligini dowam etdirýärler.  Hususan-da, Aşgabadyň "Gök bazarynda" 26-njy dekabrda ýumurtga söwdasy kapitan derejesindäki ofiserleriň gözegçiliginde geçdi.       "Şu gün ýumurtganyň söwdasyna ýolum düşdi. Söwdanyň alnyp barlyşyna iki ofiser kuratorlyk etdi, olardan ulusynyň derejesi kapitandy. Ikinji gatyň balkonundan bolsa, ýokarda açyk giňişligiň üstünde galereýa bar, ine şol... Читать дальше...

Owganystan aprelde geçiriljek prezident saýlawlaryny soňa goýmagy göz öňünde tutýar

Azathabar.com 

Owganystanyň saýlaw häkimiýetleri hasaba alyş işleriniň gijikdirilmegi we tehniki meseleler sebäpli 2019-njy ýylyň aprel aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan prezident saýlawlaryny soňa goýmagy göz öňünde tutýar diýip, owgan resmisi aýdýar. Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň (IEC) metbugat wekili Zabi Sadatyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 27-nji dekabrda beren maglumatyna görä, komissiýa ses berişligi soňa goýmagy maslahat etmek üçin “degişli taraplaryň ählisi” bilen duşuşyklary geçirýär. Читать дальше...

Ykdysadyýetçiler: Russiýa 2019-njy ýylda ykdysady ösüşiň haýallamagy we ýokary inflýasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolar

Azathabar.com 

Günbataryň täze sanksiýalary girizmek töwekgelçiligi, walýutanyň gowşamagy we planlaşdyrylan salgyt artdyrmalary sebäpli Russiýa 2019-njy ýylda ykdysady ösüşiň haýallamagy we ýokary inflýasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu barada ykdysadyýetçileriň we maliýe analitikleriniň gatnaşmagynda Reuters habar agentligi tarapyndan geçirilen sorag-jogabyň netijelerinde aýdylýar. Öňümizdäki ýyl Russiýanyň Umumy içerki önüminiň ösüşiniň (GDP) 1,4 prosent ýokarlanmagyna garaşylýar. 2018-nji ýylda bu görkeziji 1,7 prosente barabardy diýip... Читать дальше...

Russiýada bir adam granaty partladyp, özüni öldürdi, başga-da üç adamy ýaralady

Azathabar.com 

Russiýanyň media serişdeleriniň maglumatynda ýurduň uzak gündogaryndaky Habarowsk şäherinde bir adamyň granaty partladyp, özüni öldürdendigi we başga-da üç adamy ýaralandygy aýdylýar. Ýerli resmilere salgylanyp berilýän maglumatlara görä, gürrüňi gidýän adam granaty 27-nji dekabrda partladypdyr. Onuň ammar toplumyndaky bir edarany talamak isländigi aýdylýar. Bu adam wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy. Başga-da iki adam we bir aýal keselhana alnyp gidildi. Olaryň saglyk ýagdaýy agyr däl diýlip, habarlarda aýdylýar. Читать дальше...

Türkmenistandaky Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy aradan çykdy

Azathabar.com 

23-nji dekabrda Türkmenistandaky Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy Anatoliý Petrowiç Fomin Russiýanyň Saratow regionynda aradan çykdy. Ol 80 ýaşynyň içindedi. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär. Neşir özüniň 27-nji dekabrda çap eden maglumatynda Fomin bilen Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň arasynda bolan konfliktden soň, onuň ýurdy terk edip, Russiýa göçmäge mejbur bolandygyny aýdýar. Fomin 1939-njy ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda dünýä inipdi. Ol “Gurluşykçy”... Читать дальше...

Ukrainada harby düzgün ýatyryldy

Azathabar.com 

Ukrainada harby düzgüniň möhleti tamam boldy. Petro Poroşenko üçünji gün ony uzaltmazlyk baradaky kararyny yglan etdi. Has anyk maglumatlary “Roýtersden” alyp bilersiňiz.

Aşgabatda oturdylan gaz ölçeýji gurallar bibat bolup çykýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki howly jaýlarynda gaz ölçeýjiler oturdylandan birnäçe wagt soň, ýaşaýjylar olaryň bibatdygyny bilip galýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *