Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 01.12.2018

Berdimuhamedow orunbasaryna içerki we daşarky bazarlaryň islegini öwrenmegi tabşyrdy

Azathabar.com 

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow 30-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurduň bazarlaryny ilatyň isleg bildirýän köp dürli harytlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.   “Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, ýurdumyzyň önüm öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Söwda dükanlary azyk önümleri bilen... Читать дальше...

Türkmenistanda ýene-de üç sany “Ak öý” binasyny gurmak karar edildi

Azathabar.com 

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna  Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binalaryny gurmak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlenildi. Mundan öň şeýle “Ak öý” binalary, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin, Maryda we Ahalda gurlupdy. TDH-nyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow bu karary tassyklamazyndan öň güýzlük bugdaýyň maýsalaryna ideg edilende agrotehniki talaplary dogry berjaý etmek... Читать дальше...

Bişkekde Hytaýdaky etniki gyrgyzlary goramak boýunça komitet döredildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanda Hytaýdaky etniki gyrgyzlary goramak bovunça komitet döredildi. Bu habar Pekiniň Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň sebitinde ýaşaýan köpmilletli ýerli adamlara garşy basyşlaryny güýçlendirýändigi baradaky habarlara gabat geldi.  Hytaýdaky gyrgyz halkyny goramak komiteti aktiwistler we Gyrgyzystana göçüp gelip, gyrgyz raýatlygyny ýa-da oturym rugsadyny alan gyrgyz aýallary we erkekleri tarapyndan döredildi. Olar 29-njy noýabrda Bişkekde geçiren başlangyç duşuşyklarynda garyndaşlarynyň... Читать дальше...

Gazak aktiwisti dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Gazak oppozision aktiwisti gadagan edilen demokratik hereketiň işine goldaw bermek aýyplamalary esasynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.  Almaty etrap sudy 30-njy noýabrda Aset Abişewi Gazagystanyň Demokratik seçgisi hereketiniň işine gatnaşmakda we jenaýatçylykly topary maliýe taýdan goldamakda günäli tapdy. Abişew bu hökümi ret etdi we onuň syýasy sebäpler esasynda çykarylandygyny aýtdy. Ol bu hökümden şikaýat etjekdigini hem sözüne goşdy. Abişew 2-nji oktýabrda başlanan sud seljerişligi... Читать дальше...

Tramp Putin bilen 'wagty gelende' duşuşjakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Voice of America” bilen söhbetdeşlikde özüniň rus prezidenti “örän gowy gatnaşygynyň” bardygyny, onuň bilen wagty gabat gelende duşuşjakdygny aýtdy. Orsýetiň serhet goragçylary ukrain gämilerini oka tutup, ukrain deňizçilerini tussag edenlerinden soň, Tramp Putin bilen planlaşdyrylan duşuşygyny goýbolsun etdi. VOA-nyň 30-njy noýabrdaky giň gerimli söhbetdeşligi Buenos Airesde, 20-ler sammitiniň gapdalyndan geçirildi. Şeýle-de Tramp ABŞ-nyň goňşulary Meksika... Читать дальше...

Jorj Buş, ABŞ-nyň 1989-1993 ýyllar aralygyndaky prezidenti 94 ýaşynda ardan çykdy 

Azathabar.com 

Jorj Buş, Birleşen Ştatlaryň 41-nji prezidenti 94 ýaşynda aradan çykdy diýip, onuň maşgalasy aýtdy. 1989-93-nji ýyllarda amerikan prezidenti bolan, soňra ogly Jorj W. Buş hem Ak tamda kakasynyň kesbini dowam etdiren Jorj Buş 30-njy noýabrda ýogaldy. Maşgalanyň sözçüsi Jim MakGras (McGrath) Jorj W.Buşuň garyndaşlary “biziň Kakamyzyň bellärlikli 94 ýyldan soň aradan çykandygyny gynanç bilen yglan etdiler” diýen sözlerini twitterde çap etdi. Ölümiň sebäpleri barada aýdylan zat bolmady. 2012-nji... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *