Gazagystan türkmen gazynyň Russiýa tranzitini täzeden ýola goýdy
Gazagystan üç ýyldan soň, türkmen gazynyň Russiýa tranzitini täzeden ýola goýdy.
Gazagystanyň milli gaz operatory “KazTransGazyň” anna güni beren maglumatyna görä, “Merkezi Aziýa – Merkez” magistral gazgeçirijisi boýunça türkmen gazynyň Russiýa tranziti täzeden başladylypdyr.
“KazTransGazyň” ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, mundan öň türkmen gazynyň Gazagystanyň gaztransport ulgamyndan akdyrylmagy 2016-njy ýylda togtadylypdyr.
Ýatladyp geçsek, şol ýylyň 4-nji ýanwarynda “Türkmengaz” döwlet konserni Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bes edýändigini mälim edipdi.
Üç ýyl arakesmeden soňra, 15-nji aprelde “Gazprom Schweiz AG” (Gazprom Eksport toparynyň düzümine girýär) kompaniýasy bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni gaz söwdasyny täzelemek barada şertnama gol goýdular.
“Şertnama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny satyn almak planlaşdyrylýar” diýlip, “Gazpromyň” beýanatynda aýdylýar.
“KazTransGazyň” maglumatyna görä, “Merkezi Aziýa – Merkez” geçirijisi boýunça bir gije-gündizde Russiýa 15 million kubometr türkmen gazy akdyrylar.