Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Новости за 03.05.2019

Çeşme: Uçar biletleriniň gymmatlamagy dollaryň kursuna bagly

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň sözlerine görä, "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletleriniň häzir gymmatlamagyna walýuta kursy täsir ýetiripdir. Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri üýtgewsiz galýan bir dollara 3.5 manat möçberindäki resmi kurs gara bazardakysyndan şu günki gün bäş ýarym esse pes. "Biz türkmen howa ýollaryna maliýe goldawyň berilýändigini we girdejili  kärhana däldigini bilýäris. Mälim bolşuna görä, ýurduň raýatlaryna biletler manada satylýar, şol bir wagtda-da daşary ýurtlular dollarda satyn almaly bolýarlar. Читать дальше...

Türkmen hökümeti ýene-de ykdysady ösüş gazanandygyny yglan etdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümeti ýene-de ykdysady ösüş gazanandygyny yglan etdi. 2-nji maýda hökümetiň maslahatynda öňe sürlen sanlara görä, 2019-njy ýylyň ýanwar we aprel aýlarynyň aralygyndaky döwre degişli makroykdysady sanlar ýurduň durnukly ösendigi barada habar berýär.  "Agzalan döwürde umumy içerki önümçiligiň ösüş depgini 6,2% derejesinde bellendi; geçen ýylyň degişli döwrüne garanda önümçilik 6,1% göterildi; dört aýyň jemlerine görä, haryt dolanyşygyň möçberi 19,1% artdy diýlip resmi maglumatlarda habar berildi. Читать дальше...

Owganystan: Loýa Jirga ok atyşyklary bata-bat bes etmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Owganystanyň paýtagty Kabulda Loýa Jirga mejlisi – ýaşulularyň, dindar alymlaryň we tanymal owganlaryň däp bolan ýygnagy tamamlanyp, oňa gatnaşyjylar 18 ýyl bäri dowam edip gelýän konfliktiň soňlanmagyny golaýlatmak üçin, ok atyşyklaryň dessine bes edilmegine çagyrdylar.

Gazagystan türkmen gazynyň Russiýa tranzitini täzeden ýola goýdy

Azathabar.com 

Gazagystan üç ýyldan soň, türkmen gazynyň Russiýa tranzitini täzeden ýola goýdy. Gazagystanyň milli gaz operatory “KazTransGazyň” anna güni beren maglumatyna görä, “Merkezi Aziýa – Merkez” magistral gazgeçirijisi boýunça türkmen gazynyň Russiýa tranziti täzeden başladylypdyr. “KazTransGazyň” ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, mundan öň türkmen gazynyň Gazagystanyň gaztransport ulgamyndan akdyrylmagy 2016-njy ýylda togtadylypdyr. Ýatladyp geçsek, şol ýylyň 4-nji ýanwarynda “Türkmengaz”... Читать дальше...

Eýran gämisiniň kömek signaly BMG arkaly saudlara ýetirildi

Azathabar.com 

Saud resmileri, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edarasynyň üsti bilen, öz kenar ýakalarynda heläkçilige uçran eýran gämisinden kömek haýyşynyň gowşandygyny mälim etdiler. Döwletiň eýeçiligindäki saud habar agentliginiň maglumatyna görä, “Eýranyň BMG-niň Nýu-Ýorkdaky delegasiýasynyň charge d'affairesi saudlaryň hemişelik delegasiýasyna ýüzlenip, patyşalykdan hemaýat sorapdyr”. “Ekipaž agzalarynyň we daşky gurşawyň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin ähli gerekli çäreler görüldi” diýip, maglumatda bellenilýär. Читать дальше...

Ukraina separatistleriň hatarynda söweşen braziliýalyny 13 ýyl türmä höküm etdi

Azathabar.com 

Ukrainanyň sudy ýurduň gündogarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň hatarynda söweşmekde aýyplanýan Braziliýanyň raýatyny 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. 34 ýaşly Rafael Luswarghi 2014-nji ýylda, haçanda Russiýa Krymy basyp alanda we ýurduň gündogarynda Moskwanyň goldaýan separatistleriniň ukrain hökümetine garşy söweşip başlanynda, Ukraina gelipdi. Luswarhi separatistleriň tarapynda söweşdi. Onuň bilen bagly wideolar hem rus hem-de separatistleriň propaganda wideolarynda ýygy-ýygydan peýda bolýardy. Читать дальше...

Krasnodarda ýaş oglany kemsiden müdir wezipesinden çetleşdiriler

Azathabar.com 

Russiýanyň Krasnodar şäherindäki çagalar baglarynyň birinde bir kiçi oglany kemsidip, dyzyna çökerip, soňy bilen-de ýeri öpmäge mejbur eden müdir wezipesinden çetleşdiriler. Bu barada Krasnadar regionynyň ýerli bilim edarasy maglumat berdi. Ady belli edilmedik müdir aýalyň oglany kemsidýän wideosy 30-njy aprelde ýazgy edilip, 1-nji maýda hem internetde ýerleşdirilipdi. Ýerli bilim resmileri oglanyň ene-atasynyň bu waka bilen baglylykda polisiýa etjek şikaýatlarynyň “islendigini” goldajakdyklaryny hem mälim etdiler. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *