Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Новости за 25.05.2019

ABŞ Türkmenistany Azerbaýjanyň üstünden ÝB-niň gaz bazarlaryna çykmaga çagyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet departamenti geçen ýyl Kaspi deňziniň durumy baradaky Konwensiýa gol çekilmegine oňyn garaýar we Türkmenistany hazarýaka döwletleri bilen baglaşylan ylalaşykdan “Günorta koridora” goşulmak üçin peýdalanmaga çagyrýar.  “Biz Kaspi deňziniň durumy baradaky ylalaşyga gol çekilmegini öňe tarap ädilen oňyn ädim hasaplaýarys. Türkmenistan bilen arada eksport koridorynyň [gurulmagyny] ähmiýetli hasaplaýarys. Olar  [Türkmenistan] häzir Hytaýa [gaz]eksport edýär, olarda mümkinçilik bar we... Читать дальше...

Rus prezidenti Wladimir Putine jemgyýetde bildirilýän ynam 13 ýylda iň pes derejesine düşdi

Azathabar.com 

Rus prezidenti Wladimir Putine jemgyýetde bildirilýän ynam, Orsýetiň döwlet pikir soraýyş guramasynyň maglumatyna görä, 13 ýyl içinde iň pes derejesine düşdi. Jemgyýetçilik pikirlerini öwrenmek merkeziniň 24-nji maýda çap eden maglumaty Putina bolan ynamyň 2006-njy ýyldan bäri iň pes derejesine, 31.7 prosente düşendigini görkezýär. Şol bir wagtda, ynam derejesinden tapawutlylykda, Putiniň umumy tassyklanyş derejesi şindi hem ýokary bolmagynda, 65.8% bolup galýar. Putine bolan ynam derejesi... Читать дальше...

Wilan özüne garşy gozgalan jenaýat işiniň ABŞ sanksiýalary üçin “ar alyşdygyny” aýdýar

Azathabar.com 

Moskwa sudy ABŞ-nyň ozalky deňiz-pyýada goşun esgeri Pol Wilanyň (Paul Whelan) deslapky tussaghanada saklanmak möhletini uzaltdy, aýyplanýan bu jenaýat işiniň syýasy sebäplidigini we ABŞ-nyň sanksiýalary üçin ar alyşdygyny aýtdy. Lefortovwo etrap sudy 24-nji maýda Wilanyň aklawçysynyň ony öý tussaglygyna geçirmek baradaky haýyşyny ret etdi we deslapky tussaglyk möhletini 29-njy awgusta çenli uzaltmak kararyny çykardy. ABŞ-nyň, Irlandiýanyň, Kanadanyň we Britaniýanyň raýaty bolan Wilan 28-nji dekabrda Moskwada tussag edilip... Читать дальше...

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp döwlet sapary bilen Ýaponiýa geldi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, belki-de söwda dartgynlylaryna garamazdan, gatnaşyklaryň berkdigini görkezmek üçin, döwlet sapary bilen Ýaponiýa geldi.  Tramp we ilkinji hanym Melania Tramp 25-nji maýda “Howa güýçleri biriň” bortunda, 14 sagatlyk uçudan soň Ýaponiýa geldi. Ýaponiýanyň premýer-minsitri Şinzo Abe 28-nji maýa çenli dowam etjek sapar wagtynda Trampy imperiýa banketi we sumo ýaryşlaryndaky öň hatar orunlary bilen hezzetlär.  Analitikleriň aýtmagyna görä, bu sapar Abeniň Ýaponiýany... Читать дальше...

Owganystana gelen sil soňky 48 sagatda 24 adamy öldürdi

Azathabar.com 

Owganystanyň köp ýerine ýagan ýagyş netijesinde gelen sil soňky 48 sagatda azyndan 24 adamy öldürdi, 11 adamy ýaralady diýip, resmiler 25-nji maýda aýtdylar. Adatdan daşary ýagdaýlar we ynsanperwerçilik meseleleri ministrliginiň maglumatyna görä, sil Owganystanyň 34 welaýatynyň altysyna, şol sanda paýtagt Kabula hem täsir ýetirdi. Merkezi Bamýan welaýatynyň Şeber etrabynda suw derejeleriniň galmagy netijesinde 500 çemesi adamyň halas edilendigi habar berdildi. AP habar gullugynyň maglumatyna görä... Читать дальше...

Tramp Ýakyn Gündogara 1,500 esger ibermegi buýurdy, ýaranlara $8 milliardlyk ýarag satmagy tassyklady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýran bilen aradaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda, Ýakyn Gündogardaky güýçleri pugtalandyrmak üçin bu sebite 1,500 amerikan esgeriniň iberiljekdigini aýtdy. Emma ol goşunlaryň “köplenç goranyş” roluny oýanjakdygyny nygtady.  Trampyň 24-nji maýda aýdan sözleriniň üsti biraz soň ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň beýanaty bilen ýetirildi. Ol beýanatda adminstrasiýanyň Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Iordaniýa, “Eýranyň agressiýasyny... Читать дальше...

“Enesiz durmuşyň meniň üçin manysy ýok”

Azathabar.com 

«Bilýän, özüňi öldürmek – agyr günä, ýöne enesiz durmuşyň meniň üçin manysy ýok» diýip, 32 ýaşyndaky Muhammad Murodow ölmezinden öň galdyran hatynda ýazýar.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *