ABŞ-“Talyban” parahatçylyk gepleşikleri Remezan sebäpli togtadyldy
Kataryň paýtagty Dohada ABŞ-nyň araçylary bilen “Talybanyň” arasyndaky gepleşikler 6-njy maýda Remezan aýynyň başlanmagy mynasybetli togtadyldy.
Geçen hepde taraplar Owganystandaky 18 ýyllyk urşy tamamlamak ugrundaky gepleşikleriň altynjy tapgyryny geçirdiler. Emma, “Talyban” gepleşikleriň petige dirändigini aýdýar.
“Talybanyň” syýasy metbugat wekili Suhail Şahiniň Twitterde galdyran ýazgysyna görä, gepleşikler mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy mynasybetli togtadylypdyr. Ýöne, Şahini gepleşikleriň “ýene birnäçe günden” ýaňadanan dowam etdiriljekdigini hem sözüne goşdy.
Onuň AFP habar agentligine aýtmagyna görä, gepleşikleriň dowamynda, esasan, daşary ýurtly güýçleriň Owganystandan çykarylmak meselesine garalypdyr.
ABŞ öz güýçlerini çykarmazdan ozal, “Talybandan” howpsuzlyk kepillerini, ok atyşyklary bes etmegini, şeýle-de Kabulyň hökümeti bilen “owgan-ara” gepleşiklerine başlamagyny soraýar.
“Talyban” bolsa, ABŞ esgerlerini çykarmak barada anyk senäni yglan etmeýänçä, ýokarda agzalanlaryň hiç biriniň durmuşa geçirilmejekdigini aýdýar.
Geçen hepde Kabulda tamamlanan Loýa Jirga mejlisiniň netijeleri boýunça, owgan prezidenti Aşraf Gani “Talybana” ýüzlenip, Remezanyň ilkinji güni ok atyşyklary bes etmegi teklip etdi. Emma, jeňçiler muny ret etdiler.